Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Oňatjamy ýagdaýlaryňyz?! Kellä bir sorag geldi-laý:"Şu sahypa näçe agza(kimleri) getirdiňiz?!" diýip. Gowy ýatlama (nostalgiýa) hökmünde ýazyp bileris diýen niýet bn. Sizi biljek däl welin, men-ä öňki tanyşlarymyň hemmesini diýen ýaly mahabatlandyryp maildir mesaj we tel arkaly bildiripdim, gerekli maglumatlara öz içine alan käbir linkler bn birlikde. Gelenler boldy, iň meşhurraklary: 1- vVV;(mümkin men däldirin sebäp bolan) Başga ýogam-maý :) Batyr nädip geldikä bärik :) mç_merw, sen nireden tapdyň, menden-ä oň geldiň özi :) Gadyr hem agza bolupdy, ýöne aktiw welin bolmady. Bir tarapdan bolsa, san köplügi däl-de, hil beýikligi wajybrak görünýär sahypalarda pikir taýdan. Sebäp bolan eden ýalydyr kanuny boýunça, olaryňam ýazgy sanyna eýe bolan bolup, paňlajak bolan bolşum-da şu :) Ýöne bir tarapdan seretsem, gow pikir, maglumat we teklipleri goýdularmyka diýýän, umuman. Siziňem bärik getiren agza(lary)ňyz barmy?! Näçe sany?! Kimler?! Az-owlak ýazaýsaňyz gyzykly-ha bolarmyka diýýän! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir