Yşgym meni ýakyp taşlady welin,
“Dagym” diýrdiň, ynha, owranýan indi.
Öwrenmeli zadym başgady welin
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.

Seni söýüp juda özgerşim ýaly,
Näziňi çekmäge döz gelşim ýaly,
Ilki emedekläp öwrenşim ýaly,
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.

Yhlasymy yşgyň demine berip,
Tenim bagtsyzlygyň eline berip,
Seni beren Alla elimi serip,
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.

Unutmak isleýän, urunýan hergiz,
Öz-özüme diýip: “Gyz kändir Ýer giň”,
Öçürip suratyň, telefon belgiň
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.

Gussaly günleri birme-bir jemläp,
Dymmaja öwrüldim, bilemok gepläp.
Mukaddes söýgüni baky näletläp,
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.

Sygdyryp bilemok dünýä bir başy,
Siňdi maňa ajap günleň gargyşy,
Öwredişiň ýaly bagtly durmuşy,
Sensiz ýaşamagy öwrenýän indi.
Kerim Hallyýew

Edebiýat, #Güljemal_Ahmedovaa* tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir