Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýaňy-ýakynda we öňräk başymdan geçen iki-üç wakany size gürrüň berip, bu babatda siziň pikirleriňizi öwrenmek isleýärin. Ynha, waka: 1- Bir dostumyň toýy bardy we toýuna gidipdi. Onuň toýuna bärdäki käbir dostlarymyz gidip bilenokdylar okuwlary sebäpli. Aslynda, şol dostum bn bärdäki dostlarym gyltyzrak tanyşdylar, şeýle bir ýakynam däl. Olara şonuň üçinem aýtmandym dostumyzyň toýy barada. Soň bir saý-sebäp bilen habar hökmünde aýtdym welin, olar bilen aramyzda şeýle gürrüň geçdi: - Näme üçin bize aýtmadyň?! Aýdan bolsaň giderdik! - Aýdamda-da gidip bilmejegiňiz aýan, ahyryn! Aýtmadym şoň üçin! - Iň azyndan gutlardyk. - Ynha, aýtdym-a?! - Indi giç boldy. - Hiçden giç ýagşy, zeleliň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda ony diýseňiz! - Bize ähmiýet bermändir öz toýy barada aýtmazlyk bilen. Şeýle bolsa biz oňa näme üçin ähmiýet bereli?! - Onda näme maňa yrsarap dursyňyz “habar bermediň öňünden?!” diýip?! - Habarly bolmak isleýäs-dä öňräjiginden. Mümkin, kiçeňräk sowgatjyk hem bererdik gutlagymyzyň daşyndan. - Bolýar, indikide habar beräýerin! - Ynha, munyň başga gep! Aşakda dowamy bar.

Köneler, ata tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir