Türkmenistan Respulikasy! Tüweleme, eýýäm 17 ýaşynda! Emma dünýäde kän tanalýan ýurt däl. Amerikanlar ýada käbir ýewropalylar bilen gürleşeňde, nirelidigimi soranlarynda, "Türkmenistan" diýýäň welin, "ol nirede, Turkiýa degişlimi" diýip soraýarlar! Meniňem muňa jynym atlanýar! şonuň üçin, ýurdymyzyň reklamasyny etmeli! elbetde bu 10-20 adamyň edip biljek işi däl, edeýin diýendede güýji ýetmeýär. Muny iň gowy edip biljekler, bu işden jogapkär döwlet edaralary. Aslynda edilenogam däl, bilýansiňiz Monte Karlo rallisinde Peugeot we Mitsubishi ulaglarynda ýurdumyzyň reklamasy bardy, bu meni diýseň buýsandyrypdy. Emma reklama etmegiň, has täsirli ýollaryda bar. Meselem: ady belli futbolçylary ýudumyza getirmek. Serediň! özbek futbol topary kuruvçiniň kamerunly samuel Eto’o teklip bereni we Eto’o-nyň özbegistany zyýarat edenligi üçin, gazatdir žurnallarda, telewideniýelerde özbegistan barada habar we maglumatlar berilmäge başlandy. we köp türk maňa özbegistan hakynda soraglar berdi!!! Braziliýaly Roberto Karlos, Fenerbahçe klubyna gelenligi üçin bir braziliýa telewideniýesi fenerbahçäniň oýunlaryny göni efirde berip başlady! Bizem Figo, Ronaldo, Rivaldo, vieri, totti ýaly bahasy arzanlan emma ady belli oýunçylary ýurdumyza getirip bilsedik!!! diýseň gowy bolardy!!!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir