şu günlerde dynç almak üçin izmir şäherine geldim, we bu ýerde köpden bäri görmeýän bir owganystanly türkmen dostym bilen oturyp gürrüň etdik. owganystanly doganlarymyzyň ýagdaýyny eşidip gaty gynandym. okaryn diýseňiz! : men: okuwlar nähili? o.t.: aý boljak, 4 kursa geçdim. - tüweleme! dynç almana öýňüze gideňňokmy? - gitjek welin biletler gaty gymmat, 700 dollar - beh! eýranyň üsti bilen gidäýmeli ekeniň! - öýe diri baryp biljegime gözüm ýetse gitjekle wah! :( - teroristler sebäplimi?! - howa, hol günem näçe adam ölüpdir - siziň ýaşaýan ýerleriňizdede barmy beýle zatlar - ýok biz türkmenistana golaý ýaşaýas, biziň töwereklerimizde ýok, pakistan tarapda kän bolýar, ýöne şondada biziň halkymyzada erbet täsiri bolýarda - dogry! kyn ekenow! türkmenistanyň üstünden gidiber bolmasa, türkmenistanyň bileti arzana! - ony etse bolar welin, visa gerek, visa almak kyn - bäh! sizede gerekmi visa! - howa! men gelelim bäri öýe gidemmok intek, gelenime 5 ýyl boldy! - :S - ýöne şul praktika gutarsa gidäýmegim mümkin, sebäbi öýdäkiler bilen maslahatlaşmaly - näme!? - okuwy gutaranymdan soň nirede işlejegimi maslahatlaşmaly, bärde galmalymy ýa, owganystana dönmelimi! - türkmenistana gidip işläý bolmasa - wah, bolsa näsini aýtýaň, oňa ýetip bilsem armanym ýok - wi! siz göçüp baryp bilýänsiňizä - ýok! men kiçikäm kakam dagy etjek bolupdyr, bolmandyr. diňe 500 adamyňkyny kabul edipdirler. sen maňa şony sorap-idäp bersene, indi bolanokmyka şol - bolar! hokman! _____________________________________________ daşary ýurtly bir türkmen türkmenistana göçüp barmaklygy üçin näme etmeli, nämeler gerek!? bilýäniňiz barmy???

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir