Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! sahypanyň öňki görnüşinde sheyle onat yazgy gorupdim wagt barada Messä degişli, ozumem bir zatlar yazypdym bu babatda. Shol yazgylary "remixlap", sizin bn hem paylashayin diydim, ensalla, peydasy bolar, shu yazgyny okan ynsan sany kopeldigisayin, yazanam, men hem gazanylan sogaplara shariklik etme kanuny boyunca sogap gazanarys diyip umyt edyarin! Ynha-da yazgylar: Bankda hasabyňyzyň bardygyny we oňa her gün irden 86400 dollar goşulýandygyny pikir ediň. Agşama çenli bu puly ulanmaly. Puly ulansaň ulananyň bolmasa köýüp gidýär. Nädersiňiz?! Elbetde, hemmesini sowmaga howlugarsyňyz. Hemmämiz bu WAGT atly bankyň müşderileridiris; Her gün irden 86400 sekunt berilýär. Bu güni ýagşy işler bilen geçirmeseň gaýdyp gelmýär. Her gün hasabymyz täzeden başlar. Her wagty öz wagtynda harja! Wagt gaçýar. Her gün üçin iň gowusyny et! * Bir ýylyň gadyryny bilmek üçin synpyndan galan okuwçydan soraň, * Bir aýyň gadyryny bilmek üçin 8 aýlyk çaga dogran eneden soraň, * Bir hepdäniň gadyryny bilmek üçin hepdelik gazet çykarýandan soraň, * Bir sagadyň gadyryny bilmek üçin duşuşyga garaşýan ýaşlardan soraň, * Bir minudyň gadyryny bilmek üçin otla ýetişmedik ýolagçdan soraň, * Bir sekundyň gadyryny bilmek üçin awtomobil heläkçiliginden zordan gutulan sürüjiden soraň, * Bir millisekundyň gadyryny bilmek üçin olimpiýadada kümüş medal alan ylgaýjydan soraň!!! Her wagty ulan, her minudy aýratyn adam bilen paýlaş, wagtyňy dogry, dürs geçir. Unutma! Wagt hiç kim üçin durmaz. Geçen wagt taryh, geljek bolsa bilinmeýän bir syrdyr. Diňe şu wagtyň özi saňa berlen sowgatdyr. Bu hepde dostluk hepdesi. Dostlar tapylmaz we taýsyz almazdyr. Göwnümize deger, güýçlendirer we wagtal-wagtal awundyrarlar. Ỳüreklerini bize açar. Dostlaryňa söýgüňi görkez! Dostluk habaryny hemmelere iber, jogap alsaň, durmuşda dostlaryň barlygy üçin buýsanarsyň. Olara nä derejede mätäçdigiňi we seniň olara nä derejede gerekdigiňi siňe seretseň görersiň ...! Wagty tygshytly ulanmak barada bir hadys yadyma dushdi, ynha, shu yere goyyaryn: Pygamberimiz(SAV) sheyle diydi:"5 zadyn gadyryny (oz layiklygy bn) bilin! Olar: 1- Garramakanyz yashlygynyzyn; 2- Syrkawlamakanyz saglygynyzyn; 3- Garyp bolmakanyz baylygynyzyn; 4- Bashagay bolmakanyz bosh wagtynyzyn; 5- Olmakaniz bolsa durmushynyzyn Yokarda gorushimiz yaly, durmushymyzy tygshytly we tertipli yashamaga calyshsak, onda bolup gecyan kop wakalaryn bizin peydamyza boljagy ikucsyz. Shol sebapli, nahili erbet we ansat, ya-da kyn hem bolsa, onunden bir plan guryp, shona gora hereket etmek has amatly bolar diyip pikir edyarin! Wagty tygshytly we has amatly ulanmak ynsandan ynsana gora uytgeyar. Meselem, ynancly biri, ozune Biribar tarapyndan berlen 1 gunin dowamyndaky 24 sagadyn 86400 sekundyny 5 bolege ayrar, 5 wagt parz ybadatlary ucin, galan zatlary shol 5 wagtyn arasyna goyar, sheyle edenligi ucin hem, gun boyunca hemme eden zatlary (icinde gunalik hereket bolmazlyk sherti bn) sogap hokmune gecer, hatda, ukysy hem, sebabi, muny hadys bushdulayar diyip eder. Ateist biri bolsa, has bashgaca plan gurar we sh.m. Hemme wagtymyzy hayirly, bereketli we tygshytly ulanmak dilegi bn!
Wagtyň ähmiýeti we wagty tygşytly ulanmak
-
CeriumOxide
16 years ago
Bankda hasabyňyzyň bardygyny we oňa her gün irden 86400 dollar goşulýandygyny pikir ediň. Agşama çenli bu puly ulanmaly. Puly ulansaň ulananyň bolmasa köýüp gidýär. Nädersiňiz?! Elbetde, hemmesini sowmaga howlugarsyňyz.
her gün berilse gündelik gereklijesini sogardym welin,,,
haçan kesiljegi belli däldä!!! bir gün kesýäler!
-
Maxat
16 years ago
- birini işe aljak bolanda sorayar:
- boş wagtlarynda name bn meşgullanyan?, boş wagtyny nahili peydalanyan?
- peydalynan ya-da bir zat bn meşgullanylan wagta boş wagt diyemok )) - diyyar
şonky yaly namede bolsa birzatlar edilya, in bolmanda yatylya))
-
Oguzhan50
16 years ago
- Hemme zat yatmakdan başlanmyýarmy name? Eger biz gowy ýatyp dynç alyp bilmesek seyle bolarda Samalyoda yada poýeze gijä galarys. İşleyän bolsak iş ýerimizde ýatjak bolup yörerisdä..... Şonuň üçin gijeleri gowyja ýatmana synanyşyp göreliň hany ýene şeyle balýarmyka.......?
-
shatok
16 years ago
- salam gadyrly dostlar ata sen gaty dogry aytyan sen yazan teman mana gaty yarady sag bol
-
ata
16 years ago
- oguzhan, örän oňatýazypsyň, berekellah!
Goşulýan, umuman!
Shatok, saňa-da minnetdarlyk bildirýärin!
Men poýezde 1 sagat öň barypdyryn, haýran galdym-eý özüme :)
-
ata
16 years ago
- wiý, serdar we maksat - ikiňize-de minnetdardyryn goldawlaryňyz üçin, näme-de bolsa "zýomalarym-da" :)
-
Komendant
16 years ago
- Talyba elmydama bir gün ýetenok. Ekzamene taýýarlanmak üçin.
Her bir işi wagtynda etseň, ýetýärem welin, başardyp durýarmy näme?
-
ata
16 years ago
- umuman, aýdanlaryňa goşulýan, komendant!
ýöne üýtgeşik ýagdaýda bolanlaram ýok däl, hiç okaman, diňe sapak diňläp, soňky gün göz gezdirip synaglaryndan geçýänler muňa mysal!
-
Komendant
16 years ago
- Sen nädýäň. Iň soňky gün taýýarlanaňokmy.
-
ata
16 years ago
- aý, bolýardy mende-de soňky gün ýa wagtlar taýýarlanmak.
-
Komendant
16 years ago
- bir dostum (25-30 ýaşlarynda) her gün işden soň zordan öýüne barýandygyny, baryp ýatýandygyny, 1-2 sagat ýatyp, soň agşam naharny iýip, ýene ýatýandygyny, ertesi irdenem zordan turup, kynlyk bilen işe gidýändigini, işden sypyndygy ýatmak bilendigini aýdanda haýran galdym.
-
ata
16 years ago
- örän adaty ýagdaý.
mysal: sen günde 12-14 sagat işle, özem aýak üstünde dur günuzyn, şonda şol ýagdaýdaky ynsanlaryň halyna düşünersiň!
Hassaň halyna hassa gowy düşünermiş, bulam şeýle-dä!
Käbirleri çölde, deňiziň içinde we ş.m. platformlarda 12 sagat işleýär, 12 sagadam dynç alýar, şoň 7-8 sagady ýatylyp geçilýär, ýagny, wagt tapan wagtlary. Diýmek, dostuň dogry aýdypdyr umuman, pikirimçe!
-
Komendant
16 years ago
- sagdyn durmuş-a diýmerin.
-
leylisac
16 years ago
- boş geçse wagtyň
ýatdygy bagtyň
örklüdir şona
ömür daragtyň.
-
ata
16 years ago
- Agajanh-nyn goyan yazgysy:
Wagtyňyzy dogry ulanýaňyzmy?
Professor otaga girenden soňra, otyrgyjyna tarap ýöneldi. Professor ornunda otyrandan soň, stolyň aşaygyndan ýumruk ýaly daşlary çyrardy. Dlaryň birnäçesini bedräniň içine saldy hem-de bedrä başga daşyň sygmajagyna gözi ýetenden soň okuwçylardan “Şu bedre doldymy?” diýip sorady. Okuwçylar “Ýok” diýip jogap berdiler. Professor ýene-de stolyň aşagyndan bir bedre çagyl çykardy hem-de ony daşly bedräniň içinde guýdy. Soňa okuwçylara ýüzlenip: “Şu bedre doldumy?” diýip sorady. Okuwçylaryň biri Dolmady öýdýän diýip, jogap berdi. Professor “Dogry” diýdi.
Professor stolyň aşagyndan ýene-de bir bedre gum çykardy we ony hem bedräniň içinde guýdy. Ýene-de okuwçylara ýüzlenip: “Şu bedre doldumy?” diýip sorady. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “Ýok” diýip jogap berdi.
Professor “Örän oňat” diýip bu gezek stolyň aşagyndan bir çüýşe suw çykaryp, bedrä güýdy. Soňra okuwçylara tarap öwrülip “Bu tejribäniň manysy nämedir öýdýäňiz?” diýip sorady. Okuwçylardan biri: “Wagtymyz nähili çäksiz bolup görünse-de, käbir zatlar üçin aýap goýýan wagtymyz bardyr” diýip jogap berdi
Professor “ýok” diýip jogap berdi. “Tejribäniň düşündirjek bolýan zady şudur, ýagny ilki uly daşlary goýmasaňyz, kiçi daşlary goýara wagt tapmarsyňyz!”
Professor okuwçylardan bu gezek: “Bolýar, uly daşlar nämedir?” diýip soraýar. Soňra:
“Uly daşlar durmuşymyzyň bir bölegi diýip hasap edeliň. Belki-de , bu daşlar wagtyňy iň köp alýan, ýagny uniwersitete taýynlanýan mahalyňdyr. Uniwersitete girmek isleýän okuwçynyň wagt bedresine goýan uly daşlary onuň synaga taýýarlygydyr. Kiçi daşlar bolsa, boş wagtlar: gezelenç etmek, telewizora seretmek, ýatmak… ýaly işler bilen meşgul bolmaga sarp ediler. Bedrä ilki kiçi daşlary goýan dalaşgär synag golaýlaşanda “Käşkä” diýen söz bilen başanýan sözlemleri köp ulanmaga mejbur bolar. Ilki uly daşlary goýup, galan boş ýerleri kiçi daşlary goýan dalaşgär bolsa, öz çeken zähmetleriniň miwesini görer
Bu terjribeden neňsi netije çykarmalydygyny her kimiň ozine goýalyň”
-
ata
15 years ago
- kopuniz shu wagt tomusky dync alyshda oydyan?!
wagtynyzy nadip geciryaniz onson?!
Men-a sonky wagtlar shu yerde we dasharda entap geciryan. Oz-a mübärek üç aýlarda biz shu wagt welin, men-a gowy ulanyp bilemok :(
10 juz alypdym, 3 juz diyen yaly okadym. Azyrak caltlashayyn men.
ata 16 years ago- köplenç gitjek ýerime 5-10 min gijä galyp barýan soňky döwürler, hijem gowy ädähet däl, bir zat edib-ä gutulmak gerek bu häsiýetden .
Näçe gezek şäherler arasy awtobusymy gaçyrdym, 1 gezek uçary. Onam poýezdi gaçyranlygym üçin-laý :)
Häzirem poýezde münmeli welin, arkaýyn otyryn-eý, men-ä gitdim :)