Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Soňky wagtlar sahypada dini ýazgylaryň sany köpeldi, bilşiňiz ýaly! Dini esaslara bolan şübheler hem dörändir azda-kände käbirlerimizde?! Şeýledir diýen pikir bn, käbir dini maglumatlary Türkmen dilinde şu ýere goýmakçy. Kimiň bu babatda näme soragy bar bolsa, şu ýerde sorabersin! Elim degdiginde ýa özüm jogaplaryn, ýa-da oňat bilýän beýleki agzalar jogaplarlar, enşallah! Allahyň bar we birligini ynandyryp bilmek, bize degişli däl! Bize degişli bolan diňeje ýagdaýyň şeýledigine käbir delilleri getirip görkezmek! Ynandyrmak we hidaýet bermek, diňe Allaha mahsusdyr! Ynanmaýanlary ýa-da şübhelileri Özüniň Biribarlygyna takyk ýagdaýda ynandyrmagyny ýene Allahyň Özünden dileýärin! Maglumatlary aşakda goýup başlamakçy. Yzyndanam degişli linkleri goýmakçy, has giňişleýin öwrenmek isleýänler ýa gyzyklanýanlar seredip bilerler! Köp sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir