Kakadurdy täjimow, "türkmenistanyň at gazanan" bagşysy. nehir agazanyň bir hatynda belleýşi ýoly öwezgeldi tekäýewiň aýdymlaryny we onuň stilinde aýdymlar aýtýar(tarda). Kakadurdy täjimow Nehir-iň obadaşy ekeni, belki ol bize ol bagşy barada ýazar! ______________________________________________ Aramyzda - Kakadurdy täjimow
Kakadurdy Täjimow
-
CeriumOxide
16 years ago
nehir kimey bilyan barmy?
nehir diýip bir agza bolmalylaý!öz-ä obadaşy bolsa bolşewikli bolmaly?! Bolşewik haýsy bolşewigaý?!
öz-ä obadaşy bolsa bolşewikli bolmaly?!
dost, sen kim?!
-
CeriumOxide
16 years ago
- garym gatym etdimaý! ýokardaky butanlara basaňda iň aşakdan dälde ýazjak ýeriňden çykar ýaly edip bolanokmaý! başlyklar!!
-
CeriumOxide
16 years ago
nehir kimey bilyan barmy?
nehir diýip bir agza bolmalylaý! Bolşewik haýsy bolşewigaý?!
birem owmadow sen nirede,okuwy nätdin gutardynmy?
dost, sen kim?!
-
euro2008
16 years ago
- menem gökdepeli,kakadurdyny tanayan,bizin aydym mugallymymyz bolup işleyardi.ozum izmirde okayan.
-
Nehir
16 years ago
Kakadurdy täjimow, "türkmenistanyň at gazanan" bagşysy. nehir agazanyň bir hatynda belleýşi ýoly öwezgeldi tekäýewiň aýdymlaryny we onuň stilinde aýdymlar aýtýar(tarda). Kakadurdy täjimow Nehir-iň obadaşy ekeni, belki ol bize ol bagşy barada ýazar!
CeriumOxide 2008-07-11 01:00:06
salam serdar! sagja bol, dost! obadaşym kakadurdy täjimow barada açan ýazgyň üçin! nesip bolsa, bu bagşy barada men hökman ýazaryn! zehinli bagşy kakadurdy täjimow hazirki döwürde uly höwes bilen diňlenýän bagşylaryň biri. türkmeniň köp toýlarynda kakadurdy aganyň aýdymlary belentden ýaňlanýar.
-
Nehir
16 years ago
nehir kimey bilyan barmy? öz-ä obadaşy bolsa bolşewikli bolmaly?!
euro2008 | 2008-07-12 02:21:15
"nehir" diýilýän-ä men bolmaly dost! soragyň barmy? özümem kakadurdy täjimiň obadaşy, bolşewikli. kakadurdy meniň diňe bir obadaşym-am däl, ol kakamyň klasdaşy hem ýakyndan gatnaşýan dosty. toýda, aýdylanjanlyda, we şular ýaly üýşmeklerde barşyp-gelişýän ýerimiz.
menem gökdepeli,kakadurdyny tanayan,bizin aydym mugallymymyz bolup işleyardi.ozum izmirde okayan.
euro2008 | 2008-07-13 00:49:59
senem gökdepeli hem-em kakadurdy aýdym mugallymyň bolsa, menem seni hökman tanaýmaly, dost! kakadurdy täjim meňem aýdym mugallymym bolupdy. ýöne, men aýdymy gowy aýdyp bilemokdym. sesim gabat gelenokdy. onda-da, kakadurdy meni gowy görensoň we beýleki sapaklardan gowy okamsoň maňa bäşlik goýardy. sag bolsun!
bizin aydym mugallymymyz bolup işleyardi.
kakadurdy täjim häzirem aýdym mugallymy bolup işleýär. geçen ýylyň oktýabrynda (garaşsyzlyk aýy) ol "türkmenistanyň halk artisti" diýen ada eýe boldy. kakam dagy ol ady üýşüp "ýuwdular".
Bolşewik haýsy bolşewigaý?!
CeriumOxide | 2008-07-12 14:58:34
serdar, "bolşewik" biziň obamyzyň öňki ady. häzirki ady "gökdepe d/b" (daýhan birleşigi) boldy. onda-da ilat obany öňki ady bilen tutýar.
-
Nehir
16 years ago
- hormatly saýdyň agzalary! kakadurdy täjim barada bilmek isleýän zadyňyz bolsa, arkaýyn soraberiň! jogap bermek meň bilen!
-
CeriumOxide
16 years ago
- nehir! ýazanyň üçin sagja bol!
kakadurdy täjimowy has ýakyndan tanadarsyň diýip arzuw etýän!
Kakadurdy täjimow näçe ýaşynda?
näçe ýyldan bäri aýdym aýtýar?
saz düzýärmi, ýada sazy kime düzdürýär?
onuň takmynan näçe aýdymy bar we iň bellileri haýsylar?
onuň aýdymlaryny nireden tapsa bolar? tapmaga kömek edip bilersiňmi?(hemmesini;))
-
Nehir
16 years ago
kakadurdy täjimowy has ýakyndan tanadarsyň diýip arzuw etýän!
CeriumOxide | 2008-07-14 01:51:04
nesip bolsa! bildigimizden bir zatlar etjek bolarys.
Kakadurdy täjimow näçe ýaşynda?
kakadurdy täjimow hazir 52 ýaşynyň içinde. ol 1956-njy ýylda doglan. eger has gyzyklansaň, doglan aý-gününem aýdyp bererin.
näçe ýyldan bäri aýdym aýtýar?
anyk bilemok welin, kakadurdy aga kiçilikden bäri aýdym aýdyp ýör öýdýän. 1999-njy ýylyň 8-nji dekabrynda oňa "türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen at berdiler. geçen ýyl, 2007-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda bolsa, oňa "türkmenistanyň halk artisti" diýen hormatly ady berdiler.
saz düzýärmi, ýada sazy kime düzdürýär?
sazy özi düzýärmik-ä diýýän. ýöne, köp aýdymlary öwezgeldi tekäň aýdymlary bolansoň, kän saz düzmeli bolanok.
onuň takmynan näçe aýdymy bar we iň bellileri haýsylar?
onuň köp aýdymlary bar. takmynan, 100-150 bardyr. ýaşuly adamlar kakadurdyň aýdymlaryny hezil edip diňleýärler.
onuň aýdymlaryny nireden tapsa bolar? tapmaga kömek edip bilersiňmi?(hemmesini)
gürrüňi bolmaz. öýe gel, men seni kakadurdy täjimowyň özi bilen görüşdireýin. men gökdepede ýaşaýan. ine meniň e-mailim: nehircicek0407@rambler.ru. adresimi e-mailime hat ýazansoň bererin. ok! haçan türkmenistana gelýäň, serdar? entek sizde kanikul başlanokmy?
-
Nehir
16 years ago
- serdar, jogap ýazmadyň-la dost? vazgeçtin mi yoksa?
-
CeriumOxide
16 years ago
- ýoklaý nehir dost, dänip bolmaz.
şu günler azyjak aladam bar. nesip bolsa türkmenistana baramda görüşerisdä, kakadurdy ussat bien tanyşmak gowy duýgy.
türkmenistana haçan barjagym belli däl, boşurak wagtym men saňa mail ýazaryn
euro2008 16 years ago- nehir kimey bilyan barmy? öz-ä obadaşy bolsa bolşewikli bolmaly?! birem owmadow sen nirede,okuwy nätdin gutardynmy?