Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men gyzyklyja we peýdaly bir hekaýa tapdym öz sahypamyzyň arhiwinden, siziň bn hem paýlaşaýyn diýdim, ynha, hekaýa(ýa-da bolan waka) Ol gün mekdebe gelenimde, poçta gutymy barladym. Içinde bir belli k bardy. Bu bellikde “555-6167 telefon belgisine jan edin” diyen bir yazgy bardy. Bellikdaki zenanyn ady hem, telefon belgisi hem menin üçin düybünden natanyşdy. Emma karim boyunça, yörüteleşdirilen hünarment mekdebinde awtoulag mugallymy bolandygym üçin, maşynyny onartmak isleyan adamlardan yzygiderli şuna menzeş çakylyklar alyardym. Öylanara bellikde görkezilen telefon belgisine jan etdim: - Bagyşlan, adym Rüstem. Size jan etmegimi sorayan bir bellik aldym. – Bulary aydyp durkam, ol ayalyn maşynynda nahili nasazlyk yüze çykdyka? – diyip oylanyardym. Garşydaky ses: - Jan edeiniz üçin sag bolun. Eger 1-2 minut wagtynyz bar bolsa, size, ünsünizi çekayjek zat barada gürrün berjek – diyid. - Dinleyan – diyip, safadyma seretdim. Baş minut sonra sapaga girmelidim. - Hassahanada lukman bolup işleyarin. Düyn 1290 belgili köçanin ugry bilen gelyarkam, maşynymda nasazlyk yüze çykdy… Tazeden sagadyma seredip: “Hawa” diydim. - Wagt gijanin yaryndan agypdy. Men hem yeke özümdim. Maşyny saklamaga gorkyardym, emma ahyrsony maşynyn gaty uzaga gitmejegine gözüm yetip, derrew yolun gyrasyna öwrüp, duruzdym. Birnaçe minutlap oturyp: “Indi name etmeli?” diyen sowala jogap agtardym. Sabyrsyz yaly görünmek islemeyardim, emma sapaga girmeli wagtym hem bolup baryardy. Çydam edip bilman , sözüni bölüp: “Maşynynyza seretmegimi isleyarmisiniz?” diyip soradym. Garşymdaky ayal: “Rugsat berseniz, sözümi tamamlayyn” diyip, dowam etdi: - Şol wagt hem, maşynymyn yzyndan bir maşyn gelip saklandy we içinden 20 yaşlaryndaky iki yigdekçe düşdi. Name üçin durandyklaryny bilemokdym. Dogrusy, juda gorkupdym. Gelip, menden name bolandygyny soradylar. Maşynymy onaryp biljekdigini aytdylar. Men hem başga çaram bolmanson, razy boldum we kapoty açdym. Maşynyn içinde oturyşyma, pallerinin düzüw bolmagyny dileyardim. Birnaçe minut sonra, maşynymy otlap görmegimi soradylar. Name bldy, bilyanizmi? Maşyn yöredi. Yigitler kapoty yapyp, mana maşynyn hazirlikçe yörejekdigini, emma yakyn wagtda onartmaga akitmeli boljakdygymy aytdylar. - Siz hem maşynynyzy onartmak üçin mana jan etdiniz, şeylemi? - Yok, yok, dinlan, hayyş edyan. Ol yaşlara juda minnetdar boldum, gayta-gayta sagbolsun aytdym. Pul berjek bolsam almadylar. Sonra mana özlerinin sizing okuwçylarynyzdygyny aytdylar. Gen galypdym. “Menin okuwçylarym? Atlary kim eken?” – diyip soradym. - Atlaryny aytmadylar. Yöne mana sizing adynyzy we mekdebinizin belgisini berdiler. Olara, size jan edip, minneydarlygymy bildirjekdigime söz berdim. Hayran galaymaly. Name diyip-name goyjagymy bilmedim. Okuwçylaryma maşyn onarmak barada ders beryarkam, yany bilen durmuş barada kabir zatlary-da öwretmage çalşydym; zahmetden gaçmazlyk, dogruçyl bolmak, ynsanlara goldaw bermek üçin elinden gelenini gaygyrmazlyk we şuna menzeş zatlar… Emma okuçylaryma bularyn na derejede tasir edyandigi barada pikirlenmandim… - Size öran uly minnetdarlyk bildiryarin. Jan edeniniz üçin sag bolun – diyip, trubkany goydy. Menden öwrenen ahlak-durmuş sapaklary esasynda okuwçylarymyn özlerine büs-bütin natanyş bolan birine kömek edendiklerini eşitmegin beren ruhy lezzeti bilen sapagyma gitdim. Bir mugallymyn alyp biljek in uly sowgatlaryndan birini alypdym. Çeşme linki: http://www.yslam.info/2008/07/09/Pochta_gutusyndaky_bellik/

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir