ruslar "детские песни" diýip albom çykardylar, öňüräk çykdy. ol ýerde biziňem bilýän aýdymlarymyz bar, çaga filmlerinde, multfilmlerdäki aýdymlar bar. ol aýdymlary diňleýän welin çagalyk ýyllarym ýadyma düşüp gitýär. ýöne ol aýdymlar rusçada. aslynda bizede çagalar bagynda we mekdebiň ilkinji ýyllarynda türkmençe çaga aýdymlar öwretýärdiler. ýöne soňky döwürde ol aýdymlar ýitip gitdi. olara mysal: akja kepderi(...ýaýnar erkana, päk asmanymda, oýnar erkana) eý mekdebim janajan(...saňa bolan söýgim kän, sen misli enem deýin, bakdyň maňa mähriban) ak pagtam(...gülleriňi aç, ak pagtam, dünýä nuruň saç) ortada anna(...eltenok ýanyna, aýagyna tiken batypdyr eken) garagolja serdarym(...ýaňyja uka batypdyr) geliň ol aýdymlar doly ýatdan çykmaz ýaly ýadmyza düşýänleriniň sözlerini bu ýere ýazalyň, we eger ol aýdymlar audio görnüşinde bar bolsa şu ýere goýalyň!!! ______________________________________________ Akja kepderi - Seýitnur Ataýew ______________________________________________ Salam Mekdep - Nury Hudaýgulyýew bu ýerde sözleri aslyndan üýtgedilen! ______________________________________________

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir