Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bugün ýaşuly agzalarymyzdan Slava, ýagny, Şöhrat aganyň doglan güni. Şol mynasybetli, hemmäňiziň huzuryňyzda/öňüňizde ony gyzgyn gutlamak isleýärin. Gutlagy ýene iň gowy görýän sitatalarymy ulanyp ýazmakçy, iň oňat dilegler hökmünde. Ilki bilen-ä: Şöhrat aga, "Allah seni Öz ýolundan aýyrmasyn! Söýýän bendeleriniň arasyna goşsun! Şeýle gözel ömür bersin, ol ömür näçe ýylam bolsa, olary dop-doly, her minudyny peýdaly edip geçirmek nesip etsin! Allahyň dergahyna baranyňda, bu dünýäde eden ýa-da edip bilmedik zatlaryň üçin içiňde hiç-hili puşmanlyk bolmasyn! ýoldaşyňam seniň Oňa we Onuň Habibine(SAW) has ýakynlaşmagyňa sebäp bolsun! Ýokardan garaňky dünýä seredileninde, siziň gurjak öýüňiz ýyldyz ýaly parlap dursun! Firdews jennedinde-de maşgalalarymyz bir-birine goňşy bolsun, enşallah! Doglan günüň gutly bolsun!" Soňundanam, Şöhrat aganyň ýazan ýazgylaryna görä, ol öýlenen bolmaly, şol sebäpli-de, oňa : “Eý, ýaranlar, aşyk boldum men bir “melege”, Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym! Külli emriň ýetir Sen bu pelege! Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym!” däl-de: “................................... Jennetiňde Habybyňa biz goňşy bolsak, Bakyýetde her juma Jemalyň görsek! Dileglerimi kabul eýle, Beýik Allahym! Özüňe laýyklykda bendeler boljak, Habybyňa laýyklykda ymmaty boljak, Watana, millete peýdaly boljak, Nesilleri bize bergin, Allahym!“ dilegini edýärin! 28 ýaşyňyz gutly bolsun, Şöhrat aga! Bu täze ýaşyňyzy ençeme haýyrlara sebäp etmegini Beýik Biribardan dilemek bilen!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir