salam hormatly agzalar? sizden uly hayishim: mana kerim aganyn goshgularini internetde nirden tapyp bolarka? ''ylayta-da menin yigit vagtym senin gyz vagtyn'' goshgusyny tapyp berseniz hoshal bolardim. myatashka@mail.ru ugradayin
kerim gurbannnepesov
-
MuhaciR
16 years ago
- o goshgy gannalyn boyunda dalmay?
-
garakchy
16 years ago
- Gosgyn ady "yashlyk dramasy"
-
Maxat
16 years ago
- Söýgi degişmesi
Kerim Gurbannepesow
Jahyllyk döwrümdi.Ýagýardy ýagyş.
Ýagyş
bir gyz bilen edipdi tanyş.
Barýardym...Palçygyň içinde ýatyr
Otuz bäş nomerli eýjejik köwüş.
Köwşüň beýlesinde aglap dur bir gyz...
“Wiý,wiý,goýaweri!Näm boldy,a gyz?”
Bir köwşüne bakyp,
Bir maňa bakyp,
Bir asmana bakyp,
Hamsykdy ýalňyz.
Topuldym.Palçykdan gopardym köwşi.
Täze goşgym bilen süpürdim köwşi.
(Gazetden yzyna gaýdypdy goşgym,
Aý,bolýa,bir derde ýarasaň ýagşy!)
Gyz
eýjejik köwşün aýägna geýdi,
Kirpikler gygyryp müň “Sag bol!” diýdi.
(Zaýalan goşgyma ökünmedim men—
Her kirpik uzatdy müň täze beýdi!)
Şeýtdi-de,tapyldy eýjejik tanyş.
Ýene dikgirdedi gyzylja köwüş.
Garaja köwüş hem galmady ondan.
(Sag bol,jaý wagtynda yňdarlan ýagyş!)
Açyldy tanyşlyk.Gyzyşdy gürrüň.
Beýle gyz sataşyp duranok her gün.
Içimden oýlanýan: “Sallah deň-duşlar,
Wah, görüň,meň tapan gyzymy görüň!”
Gürrüňimiz şowly.Ýagdaýlar oňat.
Ýaşymyz on dokuz.Janymyz sagat.
Wah,häzir
bar dostlam görsedi meni?
Emma bir tanyşam gelenok gabat.
Aý,olar duşmaz-la duşmaly wagty!
(Güjeňläýjekdim-da eýjejik bagty!)
Görmesiz,duşmasyz wagtynda weli,
Gulaklary misdir,
Gözleri ýagty!
...Ynha,edil düýn hem
Ýagypdy ýagyş.
Älemgoşar
dünýä çekipdi nagyş.
Köçeden barýardym.Bir gelin duşdy.
Bäş ädim ätmändim-ýedi ýüz tanyş...
Biri sagdan çykýar,
Birisi—çepden,
Biri bagdan çykýar,
Birisi—çöpden.
Göýäki diýersiň,agşamky gazet—
Müňläp tiraj bilen çykýarlar çapdan.
Ýigitmiň, oglanmyň, mamamyň, mamamyň,eje—
Tanyşlaň deminden bug berýär köçe!
Ýyrş—ýyrş edip gelýär bir goja müňkür,
(Özüňe osma-da,geçiber,goja!)
Aýna ýuwup duran ak ýüzli Senem,
Çiňerlip,çiňerlip bakdy bir sellem.
(Sag bol,guwanç bilen sereden bolsaň,
Ýogsa-da aýnaňy süpürber senem!)
Ýatladyp ömrümiň gijigen gülün,
Barýar gapdalymdan al köýnek gelin.
Bagdan zompa çykýar
ýene bir bezzat:
“Ýoluňyz rowaç!Gezmäge geliň!”
“Rowaçdan”, “salamdan” tutuldy ýüküm.
Bu gün gadyrym köp:görüşjek her kim!
Ikinji etajdan gygyrýar biri:
“Salowmaleýkim dost!,
Salowmaleýkim!”
Ýeri,nädip geçjek salamy alman?
Aşakdan gygyrýan “Waleýkimsalam!”
Içimden gygyrýan: “Öňem-ä şu gün
Meni üç-dört gezek görüpdiň haýwan!”
Gün ýaşdy.
Aý dogdy.
Asmanda düýt ýok.
Sataşýanym tanyş.
Ýekeje ýat ýok...
Arzyly günde-hä
gapyşypdyňyz
Biarzy günde-de
Sizden bol zat ýok.
alyndy: www.gozyetim.com
-
Maxat
16 years ago
- Men ony söýmändim
Kerim Gurbannepesow
***
Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoň men söýdüm.
Soňy näme boldy?
Agyrdy yzy.
Ýöne öňde soňda aýtmaly bolsa,
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza:
Söýülenim,
emma söýmänim üçin
Ol maňa beripdi şeýle bir jeza,
Şol jezaň astynda çekilen jepaň
Näçe tonnadygyn
bir ýürek aýdar.
— Dünýäniň ýüzünde iň betbagt adam kimkän?
— Söýülen mahaly söýmedik adam.
***
Meni ýitirersiň…Bujagaz ýitgi
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Yene öňküsi dek gülüp dogar Gün,
Ýene öňküsi dek Aý dymyp ýaşar.
Meni ýitirersiň…Ýitenim bilen
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Ýene öňkusi dek şuwlar gara gyş
Ýene öňkusi dek gül açar bahar.
Meni ýitirersiň…Ol ýitgi üçin
Üýtgemez älemiň ýekeje gylam
Diňe bir sekuntlyk gygyrar toprak,
Aýylganc gygyrar: “Ýandy bu oglan!”
Gygyrar:“Köýdurdiň melguna uýup,
Söýginiň äpedin, dostlaryň beýgin.
Akylyň-a örän uludy welin,
Akylyň dek uly ýalňyşdyň, keýgim!” )))
-
CeriumOxide
16 years ago
- ÖMRÜME PENT
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda - çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda - tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma,
Alaňdan soň - gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse -
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý -
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa - kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.
Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň -
Bir oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.
Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen.
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul -
gözüň rahat ýumup git.
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatynda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.
Başarsaň - köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan - tanyş.
“Žiguliň” içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman -
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem -
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.
-
CeriumOxide
16 years ago
- ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY
Bütin oba garaşyp dur.
Ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
“Geler. Geler. Geler”.
Gelnejesi pyşyrdaýar:
“Gelermikä? Kim biler...”
Atasy göwünlik berýär:
“Geler-le... hökman geler”.
Gök toraňňyň saýasynda
Ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.
Ýygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun-
Dymyşyp dur maşynlar.
Geldi dürli maşynlar -
Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
Geldi garaşylmaýanlar.
Garaşylýan gelenok.
Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüňler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.
Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giň maňlaýly,
Agajet.
Şol enäniň ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş -
Geldi şondan öňňeler.
...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir ýoldadyr.
Iň söýgüli ulagy
Samolýot däl, “Wolgadyr”.
Ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deňeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oňarsa öňe geçer.
Ol henizem gelenok...
Meger, häzir ýoldadyr.
Ýa-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.
Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Ýaňy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.
“Sypaýmasyn birden!” diýip,
Oturandyr ýapyşyp.
Owadanja gelinler
Çaý çekýändir çapyşyp.
Üýtgeşikdir öňündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
Ýa gök çaýyň humaryna
Ýazýandyr bir doklad.
Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
Ýazýandyrlar başgalar.
Ýaranjaňlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.
Ol bolsa özi ýazýan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
Ýazanlar onuň deregne
Utanjyrar, ýygrylar.
...Ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oňa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.
Güýzde pagta ýygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buýsanç bilen gepläpdi.
Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
Ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.
Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şaýysyny, köpügni-
Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuň içine.
Şeýde-şeýde kyrk ýaşynda
Ak çozupdy saçyna.
Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliň çokulny.
Dakýardy enäň pulundan
Her barmagna bir ýüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.
Söýüşdi, gujaklaşdy.
Paýtagtdan jaý tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.
Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: “Ýok etsene
Bu porsy garabagty!”
Ogly diýdi: “Ýakymsyz
Ysyň bar-la, jan eje.
Bu eýýamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”
Ene diýdi: “Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyň, ýetişensiň
Şu porsuja gujakda...”
Soňra bolsa uzak gije
Ýorganynda aglardy.
Daňyň atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.
...Şeýde-şeýde günler ötdi,
Aýlar ötdi nobatly.
Edeni şowuna boldy.
Durmuş ony aýnatdy.
Her sözünde bir oýun,
Her elde bir desmaly-
Bir ýyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.
Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabşyrdy...
Gelen telegrammany
Stolunda ýygşyrdy.
Ony aýalyndan başga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heleý karara geldi:
“Barsak bor-la üçüne!”
...Bütin obaň gözi ýolda.
Garaşyp dur hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
“Geler, geler, geler”.
Onýança-da
“Gelýär!” diýip,
Ardyndy bir ýaşuly.
Göründi ýaşyl meýdanda
“Wolgalaryň” ýaşyly.
“Geler diýdim ähbeti!”
Bir daýandy atasy.
Gara-köýük ýüzüniň
Artyp gitdi ýagtysy.
Onýança-da ýaşyl “Wolga”
Aşak indi ýapydan.
Geljek adamyň deregne
Şofýor çykdy gapydan.
“Şu gün gelip biljek däl.
Gyssagly bir iş çykdy...”
Birden ataň gözlerinden
Iki çogdam ýaş çykdy.
Ýetmiş ýaşyň içinde
Aglamadyk ol goja,
Gözýaşyny süpürdi-de,
Bir
ýylgyrdy çalaja.
Ol ýylgyryş ömürbaky
Çykmaz meniň ýadymdan.
Beýle aýylganç ýylgyrşy
Görmändim men adamda.
...Göterdiler enäniň
Ak guş ýaly tabydyn.
Ýaz şemaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.
Salladylar çukura
Ak saçly bir dünýäni.
Içki öýüň gapysyna
Eltilende enäni -
Iki omzuny diräp
Çukuryň erňegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öýüne.
Iň soňkuja pursatda-da
Öz ogluna garaşdy.
...Ýazsamam ýazdym weli,
Agyr düşdi bu goşgy.
-
shatok
16 years ago
- ceriumoxide gowy gosgy tapypsyn sag bol
-
CeriumOxide
16 years ago
- Uruş döwrünüñ enesi
Kümüş gülýaka,
Altyn bilezik,
Şelpeli gupba
Kökenli ýüzük,
İki teneçir,
Bir kümüş sagat
ýeñiş fonduna
Gowuşdy sowgat.
Gupbañ içinde
Bir kiçijek hat:
˝At, faşisti, at,
At, faşisti, at! ˝
Öñünde gol ýok,
Yzynda gol ýok.
Kimdigin henizem
Bilip bolanok.
˝At, faşisti, at,
At, faşisti, at!˝
Aýdyma öwrildi
Bu kiçijek hat.
Bisowtja hat,
İkije setir.
Nä-he nokat bar
Ne-de tersotur.
Garaşdyk bir gün,
Garaşdyk üç gün.
Kimiñ ýazanyn
Bilmedi hiç kim.
Geçdi otuz gyş,
Geçdi otuz ýaz,
Henizem ony
Bilenok kolhoz.
Bir özi bilýär,
Onsoñam Watan...
Golsuz hat ýazsañ –
Öwren şu hatdan!..
shahyr 16 years ago- myatashka, talyplaryn in sag gyrasynda gözleg bar. Şony ulansan çykyara. Dine kerim diyip yazsanam bir topar goşgysy çykyar.
Al diyyan goşgyn:
http://www.talyplar.com/2475-meni---yigit-wagtym-seni---gyz-wagty--.html