Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Şugün stv-niň “Ýeşeren düşler” (Umytlanan düýşler) atly seriýalyna seretdim. Uzak wagtlap türkleriň tw-dir gazetlerine seretmändim, birhili, küýsäne çalymdaş bir duýgy geçdi içimden. Maksadym esasy bu däl-de, şol serialyň bu gezekki sanynyň asyl mowzugy bolmaly, ýagny, erbet ynsanlaryň we laryň aldawyna düşenleriň gowy ynsanlara atýan töhmetdir şyltaklary, ynsanlaryň edýän hyýanatlarydyr aýdýan ýalanlaryny görüp, “Allahym, sen şu we şuňa meňzeş ýagdaýlardyr bela-beterlerden meni, maşgalamyzy, ýakynlarymyzy, dost-ýarlarymyzy, musulmanlary, ynsanlary gora! Hakykatlary we bolup geçýän wakalaryň iç ýüzlerini bize bildir we dogry kararlar bilen amal etmegibize miýesser et!” diýip dileg etmek ggelýär ynsan aklyna! Seriýalda hususy bir mekdebiň oňat ahlakly, imanly ýaş müdirine şyltak/töhmet atýalar. Onuň özüne mynasyp gelni bolsa muňa doly ynanýar we ýanýoldaşyny gahar bilen taşlap çykyp gidýär. Netije indiki bölüminde belli bolar welin, şeýle gowy ynsanlary, olaryň maşgalalaryny we durmyşlaryny awy-zäher edýän ynsanlara nälet okasyň gelýär. Şu ýagdaýa çydap, hötdesinden gelmek, gör, nähili agyr?! “Men” diýen ýigitdir asylly zenan maşgalalary dyzlaryna çökerdýär.Elbetde, bu ýagdaýlar Allahyň sebäpler älemindäki biz ynsanlara synagydyr. Şu ýagdaýda muny pikir edip, Allaha doly töwekgellik edip, Oňa bil baglap, Ondan ýagşy netijeleri dilemeli! Kuranyň aýatlarynda bu babatda bize şeýle maslahat berilýär: “Eý, iman edenler! (Kyn ýagdaýlaryňyzda) ybadat ediň we sabyr bilen Menden diläň! Elbetde, Allah sabyr edenler bilen birlikdedir!”
Töhmet, şyltak, hyýanat, ýalan – netijeleri we goranmak!
-
ata
16 years ago
- obamyzda meni 1-2 gezek öýerdiler öýdýän meni:)
"aýallar näme diýýär indi men barada?!" diýip duran bolanyňyz ýokmy araňyzda:)
hawa-da, "çelek agzyny bogup bolmaz, il agzyny ýygyp" nakyly dogry bu babatda.
sizde-de bolandyr-la şu ýa şuňa meňzeş wakalar, şonda nädip tap getirip, hötdesinden gelýäňiz?!
ata 16 years ago- Bu mowzuk boýunça meşhur bir mysal bar: pygamberimiziň(SAW) ýanýoldaşy Hz.Aýşe “walidemize” müşrikler tarapyndan şyltak atylýar we muňa käbir musulmanlar hem ynanýar. Pygamberimiz, aýratynam, Hz.Aýşe(r.a.) örän kyn günleri başlaryndan geçirýärler, hatda, belli bir wagt geçensoň, Hz.Aýşe(r.a.) Allaha sygynyp, Oňa töwekgel bolmakdan başga çäre tapmaýar. Muňa Yslam taryhynda “Ifk(töhmet) wakasy” diýip bellenip geçilýär.
Iman taýdan şeýle güýçli, erk taýdan şeýle berk, ahlak taýdan şeýle beýik ynsanlary hem şeýle ejizledýän şu ýagdaýlardan ägä/hüşgär bolalyň! Ýokarda-da aýdyşym ýaly, başymyza şu ýagdaýlar geläýse, ilki bilen tämiz niýet we ýalbaryş bilen Allaha ybadat edip, Ondan goldaw isläliň, ýardamyny diläliň! Soňam oňat ahlakly, imanly, amally ýakynlarymyzdan ýa-da ynsanlardan ýagdaýy idäp-sorap, olaryň bu babatda kömeklerini isläliň!
Biribar hemmämizi şeýle erbet ýagdaýlardan gorasyn! Başymyza geläýen ýagdaýynda-da, iň oňat ýagdaýda daýanmagymyz üçin güýçli sabyr, akyl we çäreleri bersin! Bizi haýyrly netijelere gowşursyn!