Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bir waka okapdym ýa eşidipdim bir wagtlar 1850-1900-ly ýyllarda bolan. Waka bize kä ýagdaýlar barada örän oňat sapak(/“ibret”) berýär. Aslynda, bu waka Türkiýedäki tanymal şahyr Mehmet Akif Ersoýyň bir ýatlamasy. Siziň bn hem paýlaşaýyn diýdim, belki, bize-de peýdasy bolar. Ynha: Her gün öýmüziň ýanjagazyndaky metjide şapak söküberende, ertir namazymy eda etmäge gidýärdim. Haçan baraýamda-da menden öňürti metjide baran ak saçly bir gojany görýärdim. Näçe gezek synanyşsam hem, ondan ýekeje günem öň baryp bilmeýärdim. Özem hemişe aglaýardy. Munyň sebäbini oňa bir gün soradym. Aýtmak islemedi näçe wagtlap. Bir gün bolsa men ýer depip, ondan sebäbini aýtmagyny Allahyň razylygyny hem ara goşup ýalbaryp soradym. Ol şondan soň ulydan demini alyp, başyndan geçen bir wakany gürrüň berip başlady: “Men Jennet mekan Abdulhamit şanyň müňbaşysydym. Bir gün öýmüzden bir hat geldi. Hatda ene-atamyň ýogalanlygy we öýdür mellegimize seretjek başga biriniň bolmanlygy sebäpli, meniň eýe çykmagym bildirilýärdi. Bu sebäpli, men hem başymyzdaky serkerdä wezipämi gutartmagyny isläp, arza ýazypdym. Arzam kabul edilmändi. Men arzamy gönüden-göni Abdulhamit şanyň öz kabulhanasyna ugratdym, ol ýerdenem arzamyň kabul edilmänligi barada taglymat geldi. Bu gezek özüm güniden-göni şanyň huzuryna çykmagy müwessa bildim, belki, bir ýagdaýyny tapyp, ýagdaýymy şaha düşündirip bilerin diýen maksat bilen. Dergähine kabul etdi, arzymy diňledi we :”Bolýar, seň wezipäňi aldyk!” diýdi. Ýöne onuň bu kararyndan şeýle birahat bolany onuň gözlerinden we özüni alyp barşyndan belli bolýardy. Men müňbaşylygy goýup, daýhançylyga başladym. Köp wagt geçmäkä bir düýş gördüm. Düýşümde pygamberimiz (SAW) Osmanly Imperiýasynyň goşunyny barlaga gelipdi. Yzynda bolsa dört çaryýarlar/halypa we Abdulhamit şa bardy. Olaryň öňünden goşunlarymyz nyzam bilen bölek-bölek geçip durdylar. Meniň bölegime gezek gelende, bölegiň başly-barat, bidüzgin geçenini görüp pygamberimiz (SAW) bilen Abdulhamit şanyň arasynda gysgajyk şeýle gürrüň boldy: - Hany, bu bölegiň müňbaşysy?! - Öz islegi boýunça wezipeden boşatdyk! - Seniň boşadanyňy biz hem boşatdyk! Ynha, bu ýagdaýy görüp, men aglamaýyn-da, kim aglasyn?! “Meni mundan soňra pygamberimiz bagyşlarmyka, Öz şepegatyna meni hem miýesser edermikä?!” diýip, şondan bäri hiç aglamagy goýamok.” Soňunyň näme bolany ýadyma düşenok, ýöne bize berýän sapagy anyk görülýär. Nirede, näme bolup işleýän/okaýan/ýaşaýan hem bolsak, özümize degişli wezipäni ýerine ýetirmesek, ýagny, wezipäni taşlasak, onda wezipäniň hem bizi taşlajagy aýandyr. Biribardan bizi okuwymyzda, işlerimizde, amallarymyzda, wezipelerimizde we durmuşymyzda hemme taraplaýyn başarnykly etmegini dilemek bn!
Wezipeden gaçsaň, wezipe-de senden gaçar!
-
Maxat
16 years ago
- no comment )) ((
-
ata
16 years ago
- kakabaý, men agajan bn ýaňyrak jaňlaşdym.
oň öýünden internet giden ekeni, galyberse-de, örän başagaý ekeni bugünler, "...elim degenok we ýadaw bolýan, internet kafe gideýin diýsemem, ol ýerde uklajak bolup otyryn, ýakynda öýe internet baglatjak we talyplar.çom bn ýatyp-turjak..." diýib-ä degişdi özi. agşamara özi jaň edäýjek ýaly ol maňa, şonda salamyňy aýdaryn!
Ýazgylarymy okamanyň üçin gaty görmen-le, okasaň, elbetde, senem meň ýaly azda-kände bolsa-da nesibäňi alarsyň :)
Gyýbat etmek(flud) barada bolsa, aý, sen gowja-laý, basyber :)
Meň synaglam dyndy, şükür. iňlisçäň soňuna çykmasagam, bäri ýanyragynyň ýarsyna baryberendirin :)
wezipe barada bolsa, ýokarda ýazdym. öňem derman "jogapkärlik" barada başga bir at bn mowzuk açypdy öýdýän. şol ýeredem-ä ýazypdym bir zatlar, tapsam linkini goýmakçy bärä-de!
Maksat, "göwnüm ýetdi, aýtjak zat ýok, goşulýan" diýdigiň bolýarmy ol :)
-
Maxat
16 years ago
- aglatmasanow ata aga))),
biz deryan beyle yuzunde galyasa, donsa gechaymesek))
-
ata
16 years ago
- eý, men düşünmedim-le, Maksat jan :)
derýa näme, beýleki tarap näme :)
daşyndan, ýazgylaryndan we sözlerinden ynsanlara gowy baha berlip biler, ýöne aslyýetinde/hakykatda welin, tersi bolup biler - munam unutmalyň!
Biribardan hemişe Özüne mynasyp bende etmegini hem-de Öz nazarynda kiçi, ynsanlaryň nazarynda uly görkezmezligini dilemek bn!
-
Maxat
16 years ago
daşyndan, ýazgylaryndan we sözlerinden ynsanlara gowy baha berlip biler, ýöne aslyýetinde/hakykatda welin, tersi bolup biler - munam unutmalyň!
kimden garaşsamam sizden garaşamokdym(((,
ata
bu da geçer (el_mariachy)
-
Maxat
16 years ago
- ata aga muna jogap berjek bolup oturman, oyun edendirin, mena binamyslay, sizin kiçi göwünlidiginizi bilyas))
-
ata
16 years ago
- daşy jäjek, içi möjek ynsanlar her ýerde doly, men şolardan biri bolupdyryn - näme, köpmi?!
eh, enşallah, Biribar olaryň hatarynda goýmaz meni! Hemmämizi goýmasyn şeýle betpygal ynsanlaryň hatarynda!
Bizi dogry ýola gönükdirsin we boýnuna goýlän wezipeleri sözüň doly manysy bn ýerine ýetiren bendeleriniň hataryna goşsun we bu babatda bizleri goldasyn!
kakabay 16 years ago- salavmaleykum ata aga!
sizi görüp begenip gitdim.bez obid agam movzugy okamadym ,yöne sizi görüp salamlaşyp geçeyin diydimle.
yagdaylar govymy agam,okuvlar nahili,egzamenleri tabşyrdynyzmy sag-aman?
agajan yitdile agam.msn-de tapyp bolanok.ya şol arzuv edip yörenjesini tapdymy.yogsam bir ya iki goşgujygy bn begendiraymesi bardyla.neyse menden salam aydyn agam!
tm haçan gaytmakçy agam?
mena uçdum agam ,yogsam köp yazsaň gybat köp edyaň diyaymekleri bardyr käbirleň agzajyklaň.
görüşmek üzere abi!kendinize iyi bakyn.siz lazimsiniz!!!!