Dünýä ýurtlary meşhur Ahal teke atlarymyzy rus aty diýip tanaýar, munuň sebäbi: Dünýäde ähli atlaryň resmi maşgala daragt kitaby ýöredilýär, ahal teke atlarymyzyň maşgala daragt kitaby 1917-nji ýylda moskwada döredildi, garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň türkmenler asyl MD kitaby bizde diýsede muny günbatar ýurtlary kabul etmeýärler, we bir ahal teke atynyň ady moskwadaky kitapda ýok bolsa onda ol arassa ahal-teke aty hasap edilmeyär.
Ahal-teke, Rus atymy!
-
agayunus
16 years ago
"tebigat beripdir saňa bir ajaýyp gözellik"
gara göz, gamyş gulak atlarymyza taý geljek tapylmaz.
kagyz ýüzinde näme ýazsa ýazybersinler, orslaryň iň saýlama çapuwa goşulýan atlary hem bärden gaýdar ahal-teke atlarymyzyň ýanynda. arap atlary bir diýip gördiler ruslaryňky bir diýip gördiler. eýlä ýatsalaram, beýlä ýatsalar ahal-teke atlary diňe biziňki. eýe çykyp çagasyndan beter eý görip saklaýanam diňe biziň türkmenlerimiz.
-
ata
16 years ago
- men hem öňler ýazypdym bu babatda, bärä-de goýaýaýyn onda:
"Gelin, shu blogda Turkmenin atlary barada yazgy yazalyn, suratlar goyalyn we pikir alyshaylyn!
Men gysgajyk oz bilyanlerimi yazayin, yone ilki tayyar suratlary goymakcy:
Ahal-Teke Atlary:
Elbetde, yomut atlary hem oran tanymal bolmaly, kan bir zat bilmesemem, yone uzyn aralykda yomut atlary has cydamly bolmaly, gysgada ahal-teke atlary has yindam bolsa-da!
At ucin aydylan nakyllardan:
-Il onlasa atyny soy;
-At yigidin ganatydyr;
-Irden utranda ilki atyny gor, son atany (?!)
-Kowsam tutduryan, gacsam yetdirmeyan (ay, manysy boyuncadyr-how, son ustume cozman:)
we sh.m.
Dunyade:
1-In owadan we gysga aralykda in yindam at : Turkmen ahal-teke atlary;
2-Uzyn aralykda we cydamlylykda arap atlary;
3-Beden ululygy we yuk dashamada guyc taydan inlis atlary tanymal bolmaly.
Hazir ceshma salgylanmadym, oz eshidenlerimi ya okanlarymy yazdym.
TM-da 1-2 asyr mundan ozal, garyplara cenli her oyde 1 at bolar ekeni, a ruslar gelenden son welin, goz-gortele azalypdyr, hatda, hazir hic bir oyde yok diyiljek yagdayda az, sebabi nameka?!
Turkmenin atynyn hilini/neslini ruslar alaydymyka SSSR dowrunde?!
Bilyanlerinizi yazaysanyz!"
ýokarda ýazylan ekeni ýöne şuňa jogap serdar tarapyndan :)
-
ata
16 years ago
- TM-da atlaryn shanyna yadygarlikler hem binyat edildi:
Bedewe bagyşlanan mukam
Bedewe bagyşlanan mukam… Ol Bedewe bagyşlanan roman… taryh, pelsepe, hemme zat…
Dokuz ýaşymda ata mündüm, şondan bärem ondan aýrylyşyp bilemok. Her münemde galkyndym, beýgeldim, her düşemde peseldim, kiçeldim. At meniň gözümde, sözümde, eserimde burum-burum tüsseläp, köräp ýanýan, adamzat ruhundan ýere damyp dörän we soňra adamzady arkasyna mündürmäge gelen buşlukçy mysaly. Ýeňşiň, buýsanjyň we merhemetiň buşlukçysy…
Şygyr, pikir, sungat adamsynyň ähli başarnygyny aty wasp etmäge ulanmagyna çydam edip bilmän we bu ýola sarp edilen ähli güýç-gaýratlara bahyl gözleri bilen garan, düşünjesi dar adamlar hem bolup biler. Gomeriň „Odiseýindäki“ baş gahrymanyna uly deňiz balykgulagyny berip, deňiz sesini diňledişi ýaly men hem bu adamlary at dünýäsine gulak asmaga çagyrýaryn. Düşünjege düşnükli bolan bolsa gerek… Ata münülmez, galkynylar, atlanylar.
Atyma münüp, şäher daşyna çykamda henize çenli ýeňlemedik derdim, aýrylmadyk gussam, öýke-kinäm bolmandy… Bu dünýäni maňa erteki ýaly edip beýan etseler, onuň altyn derwezesinden diňe atly girip giderin. Şonuň üçindir bu ýalançy dünýäde hiç bir zada rowa görmedik sözlerimi ady päk ata bagyşladym…
Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi at bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bilen deňeşdirseň öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi… Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…
Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.
Aty ne haýwanat ylmy, ne maldarçylyk, ne ykdysadyýet, ne esgerlik, ne-de sport we çapyjylyk taýdan hersinde aýratyn, hemmesinde birlikde-de düşündirmek kyn… At bu ulgamlaryň hersine bir öwüşgini bilen ornan hem öz manysy we gymmaty boýunça olardan has beýige galan janawerdir…
Azajyk suratlar
Atşynaslarymyzyň üstünligi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen atşynaslarynyň ýygyndy topary, 2007-nji ýylyň Oguz aýynyň 28-i, 30-y aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Rostow şäherinde boldylar. Olar bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygyna gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan milli atşynaslarymyz bu halkara çapyşyklarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, şu gün paýtagtymyza dolanyp geldiler. Rusiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygyna Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň ählisinden diýen ýaly köp sanly ussat atşynaslar, çapyksuwarlar gatnaşdylar. Halkara at çapyşygynda dürli aralyklar boýunça jemi 7 çapyşyk geçirildi. Bu çapyşyklara arassa ganly ahal-teke atlaryndan başgada, arassa ganly iňlis, arab atlary, Rusiýanyň budýonnyý tohumly atlary we garyşyk tohumlardan bolan ýarym ganly atlar gatnaşdyryldy. Olar hersiniň öz ugry boýunça aýratynlykda bäsleşdiler. Biziň ýygyndy toparymyzyň atşynaslary ýaryşyň 6-njy çapyşygynda jemi 13 baş bolup, 1800 metr aralyga geçirilen bäsleşige gatnaşdylar. Halkara ýaryşyň 3-nji ornuna mynasyp bolan “Şahymerdan” diýen ajaýyp bedewimize ýaryşyň hormatly baýragy gowşuryldy. Şeýle hem bu ýaryşa gatnaşan ajaýyp bedewimiz bolan “Gammar” bolsa 5-nji baýrakly oruny eýelemegi başardy. 6-njy çapywdaky ahal-teke atlaryň ýaryşy bu ýere gelenleriň ählisi tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Elbetde arassa ganly ahal-teke bedewleri bütin dünýäniň atçynaslarynda we atjanköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär.
Ceshme: turkmenpress
Sep: atlar barada
-
ata
16 years ago
- Kerim Gurbannepes-den:
BEDEWLER MODADAN GAÇÝAR diýýärler
Beýle zada ýol berilmez hiç haçan.
Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de,
Bir topar eşekler
Modadan gaçar.
At planyn
öwrüp et planyna,
Bedewleri ete tabşyran nadan,
Indi ne-hä athananyň ýanynda,
Ne-de öz postunda görner ýaňadan.
Bedewleriň ete berilşi hakda
Obalaň birinde bolan ýygnakda,
Segsen bäş ýaşynda (ilkinji gezek!)
Tribuna çykanmyş Gulmyrat Akga.
Şonda şeý diýipdir Gulmyrat ata:
“Kimde-kim ýene-de kast etse ata,
Olaryň özlerin tabşyrys ete!”...
Elbetde, azajyk geçse-de öte,
Örän hak aýdypdyr
Gulmyrat ata...
Bedew entek-entek çarpaýa galyp,
Gider, asyrlaryň çuňlugna gider.
Dünýä gözellerni aňk etse bili,
Mert bakyşy
mert ärleri aňk eder.
Dünýäde hiç haýwan deňeşip bilmez
Onuň AKYLY hem EDEBI bilen.
Dünýäň mallaryndan bir Döwlet düzseň-
Prezidenti TÜRKMEN BEDEWI bolar...
CeriumOxide 16 years ago- Annaberdi Atdanowyň "tebigat beripdir saňa bir ajaýyp gözellik" diýýän setirlerini ýatlatýan kadrlar.