Ömür, göwün, ykbal, söýgi...
ÖMÜR depderinden gopan sahypa,
Ak guş bolup uçup barýar geçmişe.
Kysmaty bir geňsi adam pahyryň,
Käte gussa şugla berýär çeşmiňe.
GÖWÜN gündeligi ýatlama depder,
Ýer bar onda ýakyna-da, ýada-da.
Durmuş şeýle, äwip-säwüp bir gepde,
Bagt peşgeş ediläýýär adama...
YKBAL köprüsinde salgym umydyň,
Göwnüňe üzüljek, üzüljek ýaly...
Ýöne kysmat käte baryn unudyp,
Gurup goýýar saňa heziljek ýoly.
SÖÝGÄ sataşmagyň iri, giji ýok,
Tapawdy bar öz-özüňi tapmagyň.
Hak ynamyň ýazgyt bilen işi ýok,
Yhlas eýle, «Maňlaý» söze bakmagy