Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere,
Ýene biri wepat boldy Oderde.
Ol bolsa bar Ýewropany aýlandy,
Ýewropa-da sag bol diýdi ol merde.

Dogduk diýaryna dolandy esger,
Bir uly toý tutdy enesi pahyr.
Esgerler uruşda ölmeýär diňe,
Uruşdan gaýdybam gelinýär ahyr.

Ýöne uruşlaryň bir kadasy bar,
Ol gaýdyp gelene bermez karary:
Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly.

Edebiýat, 5643667778* tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir