Käte şeýle bolýar,men erkek diýip,
Gynanjyň gözýaşyn gizlejek bolýaň.
Ýürek gyýylsada eýýäm gan öýüp,
Şonda-da mertlerçe sözlejek bolýaň.
Emma başaraňok,bokurdak dolup,
Damagyňdan bir ses çykmajak ýaly.
Özüňi saklajak bolýaň,zor salyp,
Şeýtseň gözüňden ýaş akmajak ýaly.
Sessiz aglamaklyk,gör niçik agyr,
Dem almak kynlaşýar,öýken gysylýar,
Ýürek paralanýar,dilinýär bagyr,
Belki ömrüňden hem ýyllar kesilýär
Naçarlar aglaýar,goý aglasynlar,
Ýürekleri giňär,dertleri ýeňlär.
Olar erkeklere bil baglasynlar,
Aýralyk derdini,aglamak ýeňýär.
Ýaradan,meň senden bir dilegim bar,
Diýýärler,erkekler aglamaýarlar.
Ýöne sen aglatma hiç bir aýaly,
Erkek adamlaryň aglaýşy ýaly.
Azat Nurgeldiýew.
Çeşme: Yurekdesh.ru
ERKEKLER AGLAMAÝARLAR...
-
Talypcy_2021
3 years ago
- Dostlar mana Asgabatda dispecir yada sona menzes ansadyrak is gerekdi. Prapiskasyz islap bolyan is tapmaga komek edayinda. Kim komek edip biljek bolsa nomer goyayyn. Blok acyp bilman su yere yazdym bagyslarsynyz.
-
Diospyros
3 years ago
- @Talypcy_2021 name uçin blok açyp bileňizok
Ýurekdesh.ru saýta gir girip pikir ýaz nahili açmalydygny öwredeýin barde pikir bolumi menem tapamok pikir alyşylýan ýa şahsy hat nirdedigni menem bilemok
-
Talypcy_2021
3 years ago
- yyurekdeshede girenoga, nace gezek owretselerem bolanok dost telefondan oydyan katigoriya saylap bolanok.
Son ucin su yere yazdym. Gowja is bilsen guk diyersinda dost.
-
MARGARITA
3 years ago
- Ýöne sen aglatma hiç bir aýaly,
Erkek adamlaryň aglaýşy ýaly.
Zorzehin sahyr eken. Ellerne saglyk
Talypcy_2021 3 years ago- ajayyp gosgy. Sag bol paylasanyna.