Gürlemän diñleýär akylly adam,
Görübilmez gürlemän hiç oñmaýar.
Bardyr il içinde garasam-agam,
Süride agsaksyz goýun bolmaýar.

Kemçilik gözlenýär garşydaş görüp,
Bir-birege goldaw bermez dost-ýarlar.
Kynçylyga düşüp, mätäç bolaýsañ,
Kömek etmez hatda elinde barlar.

Mal diýip, mülk diýip paylaşyp bilmän,
Dogan doganyna bolýarlar duşman.
Şeýle bir mähirsiz ogullar-gyzlar,
Jogap berýän az-az hetdinden aşman.

Begenç, dünýe içre erbetli-gowy,
Mertleriñ egninde saklanýar älem.
Gowylar köp zady ýuwup ýaýýalar,
Erbetlik şoñ üçin azalýan ýalam.

Awtor.Begenç Orazow.

Edebiýat, Diospyros tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir