Neüçin duşdyň,
ýene aýryljak bolsaň,
indi öňküdende beter tutaşdym
Ne üçin
kynlaşdyrdyň aýryljak bolsaň,
Ne görüşip bilýäs
ne-de görüşmän.
Ne gowşyp bilýäs
ne-de gowuşman,
Şol gün bolmazmydy
saňa sataşman,
Ne üçin
sataşdymkam aýryljak bolsam.

Ne üçin seni
söýdüm 
ne üçin söýdürdiň,
Meni yşk odunda
ýakyp köýdürdiň...
Ne üçin şu
duýgyny maňa duýdurdyň,..
Duýanymdan soňra
aýryljak bolsaň...

Aýrylanda özüm,
gözlände özüm,
Aýralyk sözüni ,sözlände
özüm.
Ýalňyşyp söýgümi
gizlände özüm,
Indem, düşünmäýin
aýryljak bolsam.

Indi düşünýän
düşünsem nätjek,
Bolsa gözleriňe
näz bilen bakjak.
Gaýtalap gaýtalap
söýýärin diýjek
Gowusy, diýmäýin,
bary bir aýryljak bolsam.

Diýsemde ,ezizim
ýatlap durgynyň,
Diýdigimem däldir
gyýlyp ýörgüniň,
Gözüňden akaýsa
ýaşy görgüniň,
Nädip süpüreýin
aýryljak bolsaň.

Ýatyrdym bagtymy
eňredim çensiz,
Diňe seni ýatlap
atyrdym daňym.
Hyýalda gürleşip
bile oturan,
Diýeniňi ýatladym
Goýman men sesim

Edebiýat, Diospyros tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir