Gadyrly Talyplar! Gurbannazar Ezizowyň şu goşgysyny siziň bilen paýlaşmagy makul bildim.Belkide göwnüňizden turar. Durmuşda köpleriñ göwnüne degdim, Köpler bolsa, meñ göwnüme degdiler. İl içinde çekdim ýekelik derdin, Ỳekelik derdini çekenler biler. Köp zatlary görman duşundan ötdüm, Köpüsini bilgeşleýin görmedim. Ỳyllar geçip, ahyr bir açyş etdim, Ỳagny il günäli diýip ýörmedim. Şagalañly köçeleriñ ýeñsesin, Ujy çür köwüşli gaşap barýaryn Hem owadan adamlaryñ hemmesin Hudaýlar dek synlap salam berýarin. Emma, ine, gujagynda balasy, Bir ýaş ene ýaş akdyryp gözünden. Göz ýaşyndan gördüm ahy nalasyn, Barýar bu ajaýyp ýeriñ ýüzünden. İlkinji şatlygyñ, ilki baharyñ, Körpejigin ol basypdyr bagryna. Ärsymagy dünýäniñ şu säheri, Sowurypdyr ony ýeliñ ugruna. Ỳok! Diñe görmeýän men bu aýaly, Men onuñ hasratyn ýürekden duýýan. Ỳaş gelin öñünde özüm günäli, Hemme adamlarda günäli diýýan. İl içinde çekip ýekelik derdin, Aramyzada ýaşýar şol juwan gelin. Men oña baş egip salamam berdim: “Bagyşlañ günämiz, eý merdan gelin!”
Biziñ Günämiz
-
Harmandali
16 years ago
- Men on yazypdym oydyan shuny Gurbannazar Ezizowa degishli temada. Gowy goshgy. HAzir tapsam menem on goshgularyndan barde yazmadyklarymy goyayyn.
-
rebuilder
16 years ago
- mena düşünmedim namçün biz ginali???
-
Harmandali
16 years ago
- SHol zatlar seni gyzyklandyrmayany uchin! Biri aglap oturan bolsa yanyna baryp halyny sorap komek etmeyanin uchin! Her kimin oz gaygysydygy uchin. Her kim ozuni bilyanligi uchin. Ilin derdi olary gyzyklandyrmayanlygy uchin! diyjek bolupdyr. Agyr gune dushen adamlara komek etmanimiz uchin
“Erk hakynda goşgy”
Hemme bilýär – erki bolýar her kimiň.
Meniňem paýyma birisi düşdi.
Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,
Şoň üçin aldy-da, başyma geçdi.
Günäsizmi ýa-da günälimidi,
“Ýör” diýse, yzyna düşäýmelidi.
“Mün” diýse, säginmän münäýmelidi
“Düş” diýse, säginmän düşäýmelidi.
Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,
Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar – “opurlyşyklar”
Asyllysyraýan akylsyz gözler –
Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,
Peslikdigini-de örän berk syzdym.
Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,
Erkim bardy, emma ýene erksizdim.
Syzdym şu erk bolsa ruhum, serimde,
Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz.
Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,
Okap biljek dessanlarym okalmaz.
Munuň özi şum düýş görüp uklama,
Munuň özi diňe boşluga elter.
Agşamky haýp geçen minutlaryma,
Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.
“Dost wepasy”
Uzyn gije uly öýüň iç-daşy,
Ýüregiňi gyýyp barýan agydy.
Eresi gün, gün guşluga galanda,
Mazarlyga äkitdiler tabydy.
Dört gerçegiň gerdeninde şo tabyt,
Dört tigir üstünde barýan ýalydy.
Nebir ynjaýardy, nebir sarsýardy,
Ol howada uçup barýan ýalydy.
Ýöne nämüçindir şol dört gerçegiň,
Birine bu tabyt düşýärdi agyr
Gözüne der inip, haşlaýardy ol.
Äpet egin bolsa, bolupdyr ýagyr.
Kömege gelene ýaýkaýar başyn,
Guran goluna hem berenok dynjy.
Gussa-ünji hemmeleri maýrypdy,
Ony hasam maýyrypdy şol ünji.
Ýadanlar ýerini ýadanlar tutýar,
Ýadan bedenlere güýz ýeli urýar.
Ses eşdildi: “Wah, bu gerçek iň söwer
Dostun mazarlyga äkidip barýar”.
…Her näme diýsegem, ölýär adamlar –
Yzda eser galýar. Galýar saz, mukam.
Ýöne bizi şeýle ünji-gam bilen,
Gerdenine göterjekler barmyka?
(Bardyr, bolandyr, bolaram şahyrymyz)
-
Harmandali
16 years ago
- “Göwnüm”
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran göwnüm
Ahyr bildim göwündigiň.
Il derdine ters bakmadym,
Ony duşdan geçirmedim.
Goňşymyň için ýakmadym,
Hem oduny öçürmedim.
Aç bolmadym, ýöne weli,
Doklugymdan gägirmedim
Ýigit kimin söýdüm ili,
Söýýän diýip gygyrmadym.
Ýöne şum iş gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum.
Bu türkmeniň bahary deý
Ýaşlygymyz geçýär basym.
Il başyna düşen işden
Bizi hiç zat goramasyn.
Hakyň gözüne bakaly,
Şer iş ýerden göçer ýaly.
Ýüreklerde ot ýakaly,
Ojaklary öçürmäli.
Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan
Biz näm bolsak şo bolaly,
Bolsa bolýar, eziz Watan!
-
Dj_Gokleng
16 years ago
- Dileg
Lukmanlara köpürajik boş wagt,
Aşyklara köpürajik hoş wagt.
Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
Sagat ne-hä ozsyn, ne-de ozmasyn.
Goý, delfinler gürlap bilse gürlesin,
Ỳöne gürläp dosta hile gurmasyn.
Jübiniñ agramy manysyz bolsun,
Her kesiñ päliniñ wysaly gelsin.
Bagtyñ paýlanşygy bolan wagtynda,
Artyk almaweri laýyk bagtyñdan
Öýüñizden myhman bary çykmasyn,
Gelinlerñiz gaşlaryny çytmasyn.
Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köpüräjik bolsun kitap nobaty.
Gözüñiz jübüt bolsun, ýüzüñiz ýeke,
Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter.
İñ soñam bähbide bolmañlar ýesir,
Penjire, Gapysyz bir jaýa getir.
Ah, şu bolsadylañ bolan pursady,
Şahyram bir käse şerap ursady.
Dost wepasyny goýaýyn diýip otyrdym. Soň şu goşgyny goýmagy makyl bildim. Tüweleme Harman gyz ýetişýar. Gurbannazar şahyr şeraby soýýar. Yone ýazýan goşgularynyň hemmesi ymgyr manyly.
-
Ga1taman
16 years ago
- ay sowyet döwründe kim aragy halanokday?? :)
şu yerini haladym:
Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köpüräjik bolsun kitap nobaty.
köp-kitap oakayanlara men gaty çunnur hormat goyyan; şon düşünjesi menkin garşysyna bolsa hem; uly hormat goyyan.
gelejekde ilkinji nobatda gyzyn "kitap okap-okamayanlygyna" seretjek.
beterem; "edebiyatçy" gyzlaryn söhbeti üytgeşik bolyar.. :)
-
Harmandali
16 years ago
- “Gyzlaryma”
Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dört iner deý
Kuwwat beriňň dyzlaryňa.
Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.
Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.
Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltyk atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.
Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.
Durmuş guruň, ylalaşyň,
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizede
Dyzap durmaň öýüňize.
Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.
Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
“Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!”
Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!
Dj men sen ol goyan goshgynam on goyupdym shol temada gowy goshgy.
-
Harmandali
16 years ago
- “Aýralyk pursady”
Sen gitdiň.
Şo pursatboşady ruhum,
Hemme zatmanysyn ýitirdi birden
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.
Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalam sowulup duşumdan ötdi.
Boşap galdy misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.
Hat-da öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.
Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.
Seniň barlygyňda – meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, ezizim.
-
Harmandali
16 years ago
- Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.
Men “bar” diýsem, “ýok” diýjegne şübhe ýok.
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.
Dört diwardyr
Üçegimiz bir biziň,
Emma ol şonda-da etmeýär müýni.
“Men gaýkyny söýýän, sen kimi?” diýýän,
Ol arkaýyn jogap berýär: “Küýkini!”
Diýýärin: “Sen bilgeşleýin edýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüüni”..
Oň gözlegi towuklaryň arpasy,
Men söýýärin ýöne arpa suwuny.
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän.
Bolmajak bolanda bolmaz ekeni.
Ola meni söýýär!
Men ony söýýän.
****************************
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.
Men “bar” diýsem, “ýok” diýjegne şübhe ýok.
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.
Dört diwardyr
Üçegimiz bir biziň,
Emma ol şonda-da etmeýär müýni.
“Men gaýkyny söýýän, sen kimi?” diýýän,
Ol arkaýyn jogap berýär: “Küýkini!”
Diýýärin: “Sen bilgeşleýin edýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüüni”..
Oň gözlegi towuklaryň arpasy,
Men söýýärin ýöne arpa suwuny.
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän.
Bolmajak bolanda bolmaz ekeni.
Ola meni söýýär!
Men ony söýýän.
-
Harmandali
16 years ago
- Boldy.
Besdir.
Hol depäniň göwsünde
Özüme ümsümjek çadyr guraýyn.
Säher-säher agras şemal öwsende,
Ýadan ýüregimi şoňa gereýin,
Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda,
Belli wagty iýeýin men naharmy.
Şäherden, goh, aladadan uzakda,
Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy.
Howlukmaýyn.
Söz bermäýin hiç kime,
Öýüm çetde – hiç bir zady bilmäýin.
Düme oýlanaýyn,
Ýaşaýyn düme.
Gaty aglamaýyn,
Gaty gülmäýin.
Şygyrlar ýazaýyn şemal barada,
Gussajygmy ulus-ile sözläýin.
Iňrik bilen gün ýaşary arada
Ýaş bolsamam,
Gojalygmy gözläýin.
Indi näçe ýyldyr, şu hyýal mende
Toprakda nem etmez tohum deý ýatyr.
Ýöne çadyram ýok deräň göwsünde,
Öýümem çetde däl,
Merkezde otyr.
Gaty aglaýaryn.
Gaty gülýärin.
Elmydama howlugýaryn bir ýere.
Haýyr etjek bolýaryn,
Maňa galamyny beren illere.
Iň zerur sözleriň yzynda selpäp,
Büdüreýärin.
Ýykylýaryn käýarym.
Öz şemaly bilen ýüzümi ýelpäp,
Şonda maňa medet berýär diýarym.
“Arma!” diýýän işe gümra daýhana,
Ýyndam otlulara elim bulaýan.
Bag astynda duran iki juwana
Özümkiden oňat ömür dileýän.
Şeýdip ýaşap ýörün,
Il bilen ätläp,
Il bilen deň çapyp ýyndam atymy
Hemem käte
Misli düýş kimin ýatlap,
Çadyr hakyndaky rowaýatymy.
-
Harmandali
16 years ago
- hazir men beyleki temany aktiw edeyin. Bolmasa haysy goshgulary barde goyanym yadyma dushenoklay.
-
imperator
16 years ago
- Belki pikir edyansiniz sizem
Bu durmushda gorduk hemme zat,
aslynda duygular diylen zat
Syzmakdan bashga daldir ahbetin!
Gunler gechsede garashmak guyji
Sonky deme chenli umytly bolmak
Nazlerini chekmekden bassyr galsamda
Sabrlarym sonky gune chenli
Nadayin ol soysem gokleni
Ellerde yokdur ne erk ne many
Dillerden chykmaz ahy nala
Diylen sozlerden,wadadan ne peyda
Gorkydan gachsa yurekdesh yary
Wepa 16 years ago- öň okap görmändim.