Käbir pursatlara Asmanam aglar,
Sil bolup damjalañ damşyny ýatla!
Sähel pursat ynsan kalbyny awlar,
Ýagşyñ aýna çeken nagşyny ýatla!
"Söýgi ýokdur"diýip galyp azara,
Halys goýmadylar çekip çydara...
Tapman Törebegiñ islegne çäre,
Ýigdiñ minaradan zyñşyny ýatla!
Ölüm dälde ömür hakda pikir et,
Ýoklukda-da, bar zadyña şükür et.
Jan süýjidir,göz öñüne getirip,
Titanigiñ suwa çümşini ýatla!
Enäñ gujagynda sowuk,gorky ýok,
Arman-arman ol baýlygyñ durky ýok...
Ynsanmy,haýwanmy,asla parhy ýok,
Guzynyñ enesin emşini ýatla!
Erkek bolup dünýä geldiñ,
erkek bol!
Göwnüñi on gyz däl,bire berjek bol.
Pespälli bol,emma belent gerçek bol,
Bürgütleñ daglara gonşuny ýatla!
Namartdan däl,
Mertden etseñ dilegiñ,
Minnetsizje suwdan dolar çelegiñ.
Alla sygyn!
Ynsaply iý çöregiñ,
Bir gün yssy tenleñ doñşuny ýatla!
Şahyrym akyl bermek borjum däl,
Özümem akyldan doly horjun däl.
Paýhassyzlyk diñe galam ujun däl,
Ne gözel durmuşy döwşüni ýatla.
Dowranow 3 years ago- Gowy gosgy eken