Dolanmagyn seni aldan nadana
Aglama ýetim gyz goý sen aglama
Sen meniňki diýip ýüpsüz baglana
Aglama ýetim gyz goý sen aglama.

Ýekelik tümlüge goýup gidene
Söýgün gaýasyndan aşak itene
Ak bägüle ejir beren tikene
Aglama ýetim gyz goý sen aglama.

Gumly köçäňizde gatnaş niceme
Seni meňzedýärdi ýalnyz çiçege
Dolanma ýalňyşma indi geçene
Aglama ýetim gyz goy sen aglama.

Gije gözeli sen şem şöhlesinde
Aýdyn onuň üçin her bir sözünde
Gark bolansoň ýalan söýgün kölünde
Aglama ýetim gyz wah sen aglama.

Kyn durmuşyň söýgi atly külpeti
Ýakyp gitdi ýalançynyň külpeti
Söýýan diýip köp yzynda selpedi
Aglama ýetim gyz wah sen aglama.

Tanap bolmaz eken sessiz şeýtany
Ot alypdyr söýgün gülli meýdany
Gözledi ol senden diňe peýdany
Agalama ýetim gyz wah sen aglama.

Ýakar ýalan duýguň ýalyny
Taşlamaklyk ücin gözläp maýyny
Açyldy ahyry onun aýyby
Aglama ýetim gyz goý sen aglama.

Gözýaşlaryň damja damja damanda
Boýununy satyn al diýýän ýamandan
Bigadyrlylar üçin gitme jahandan
Aglama ýetim gyz goý sen aglama.

awtory bilmeyan

Edebiýat, Yowuz tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir