Yalnyzlygyn bir görnüşi Menin kompyuterimde yüzlerce surat bar, herhili tebigat, herhili kultura, herhili yurtlar, şaherlerde alynan. Kawagt seredyan, göwnüni açyar. Önlerem şon yaly bolyardy. Meselem universitedi gazanmakam ya-da gazananymdan son gelmeli wagtyma garaşyp yörkam Türkiye hakda surat görsem şeyle göwnümi açyardy. Owadan yerler, peyzajlar. Olara seredende çaltrak gitmeli günüm yetaysedi diydiryardi. Meselem Universitetde alynan bir surat, gyzlar oglanlar gülüşip, yerde otun üstünde oturandyr. Hazirem internetde haysy universitetin saytyna girsen menzeş surat bardyr, bagtly, şadyyan, güler yüzli okuwçylar. Seredende gelip okasyn geler, erkinlik, hezillik, keypin kök bolayjak yalydyr. Belki başga yurtlarda, yewropada, usada şeyle bolmagy mümkin biljek dal yöne türkiyede edil şol suratlara ynanmak, şonun yaly zatlara garaşmak yalnyş diyip düşündim. Yöne adamzat name, umuman bir şaherin suratyny ya başga suratlaram görende ol yerlerin gül gülistandygyny pikir edyar, gidaysen, yaman gowy yerler eken diyyar. Şuwagt içim gysyp otyrkam şu zatlar kellame gelyar. Sebabi yadaw, yüregim gysyar, niradir bir sessiz yerlere gidesin gelyar. Yeke özünem gidesin gelenok, bir yakyn dostun bolsa, dertleşsen diyyan, ona-da mynasyp adam tapanok. Dost kan, yöne her biri bir dost. Köpüsi mekdep, iş dostlary. Mekdepde gül yaly görüşyan, okuw hakda herhili kömekler alyşyan, iş dostlaram şeyle, iş temasynda herhili yakynlygyn bolyar yöne öz şahsy meselelerin hakda dertleşmage gezek gelende bularyn hiçisem o diyen yakyn dal. Bir dostum bardy, olam okuwy gutardy, şondan son yagdaylar şeyle. Köpçüligin içinde yalnyzlyk. Belkem hemme kişide bolyandyr, yöne adamlara seredyan welin hiç beylesini görüp bilemok, daşyndan bildiryan daldir-da. Bey diysenem men-a daşymdanam bilyarler. “sen keypin yok yaly, bir derdin bar yaly, gowumy yagdaylar” diyip sorayarlar. Men elmydama şeyle, harakter, geçmiş, ya başga zatlarynam tasiri bardyr beyle bolmagymda. Yakyn, syrdaş bolup biljek dost isleyar göwün, bir tarapdanam beyle adam görenok töwereginde. Gowy göryan diyip biljekdal beyle hasiyeti, sebabi gaty içimi gysdyryan wagtlary name etjegini bilenok. Nira, kimin yanyna gideyin diyyan, dostlaryn, tanyşlaryn, şaherin taryhy yerleri, gözün önünden geçyar yöne hiçisem göwnüni açjak yaly görnenok. Yokardaky surat temasam şundan kellame geldi. Stambulyn gowy yerlerine, denzin kenaryna gideyin diyyan welinem birhili keyp berenok. Olaram suratda görüşin yaly dal eken diyyan. Hakykatda ol yerlere gidende-de suratda gören yaly göwnün açylyp biler belki, eger göwnünde zat yok bolsa, kellande bir topar alada, dert bolmasa. Emma mümkin dal. Şu kelle bilen nira gitsenem göwnün açylmajak yaly. Ol yerlerem sessiz dal, umuman stambul gaty içgysgynç, ruhyny gysyjy şaher. Köplenç gowy yaly görünyar, başga wagtlar beyle bildirip baranok welin, kawagt yarylayjak bolyan yüregin gysyp, hiç zada elin baranok, sapak diysen, kitap okayyn diysen, bir yere gideyin gezeyin diysen bolanok, edesin gelenok. Hiç yer suratda görenin yaly dal. Yönekey bir bina yaly. Bir “gidip gördüm” diydiryan bolaymasa ondan başga manysy yok. Eyyam naçinji gezek şeyle menzeş yazgy yazyan. Sebabi içini dökesin gelyar. Onam şu yere edyan. Üytgeşik zat yazamok, hemme zady aydyp hem bolanok. Yene özüm hakda yazman dine sebabi yazyan, yüzley yazyan. Ay bolya-da.

Köneler, diwana tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir