Ýurduñ oba iltaynyñ ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanyñ Prezidentiniñ “Obalaryñ, şäherçeleriñ, etrapdaky şäherleriñ we etrap merkeziniñ ilatynyñ durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin makasatnamasy” kabul edildi. Onuñ esasy maksady obanyñ sosial ösüşine degişli meseleleri toplumlaýyn çözmekden ybaratdyr. Şu döwürde 72.5 trln manatdan gowrak maliýe serişdeler özleşdiriler. Hassahanalaryñ, saglyk öýleriniñ we merkezlerden täzelerini gurmaga we barlaryñ durkuny täzelemäge 1.5 trln manta göz öñünde tutulan. Ähli obalarda täze çagalar bagy gurular, hereket edýänleriñ maddy tehniki binýady döwrebaplaşdyrylar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ 428 sanysyny, mekdepleriñ 328 sanysyny gurmak göz öñünde tutulýar. Obany medeni taýdan ösdürmek üçin 215 sany oba medeniýet öýlerini gurmak göz öñünde tutulyar. Milli maksatnamanyñ çäginde bedenterbiýeni we sporty ösdürmeklige ýörüte serişdeler bölünip berilýär hem-de ähli welaýatlarda täze sport mekdepleriniñ 212 sanysy, sport desgalarynyñ 180 sanysy gurulmagy amala aşyrylar. Suw geçirijilerde suwuñ syzyp gitmegini azaltmak, täze suw geçirijilerini we skwaznylar gurmak, kanalizasiýa (lagym) geçirmek üçin uly möçberli maýa goýum serişdeleri özleşdiriler. Şolaryñ hasabyna 18.7 müñ km täze suw geçirijiler gurular, hereket edýänleriñ 4.2 müñ km durky täzelener. 4.8 müñ km täze kanalizasiýa ulgamy çekiler we 1.5 müñ km durky täzelener. Oba iltaynyñ gaz üpjinçiligini gowulanndyrmak ü/n 3 trln manatlyk serişde özleşdiriler. 24 muñ km-den gowrak täze elektrik geçirijiler çekiler. Oba ýollarynyñ durkuny täzelemek işleri 2.6 müñ km uzunlykda geçiriler. 21.3 müñ km täze ýollar gurular. Aragatnaşyk boýunça 500 müne golaý siýmli telefon belgileri hem-de 500 müñden gowrak el telefon belgileri (nomerleri) hödürlener.

Köneler, Wepa tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir