Özbegistanda 2020-nji ýylyň «Prezidentiň arçasy» atly baýramçylyk çäresi «COVID-2019» ýokanç keseli bilen baglanyşykly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, çagalaryň saglygyny goramaklyk maksady bilen karantin talaplaryna laýyklykda guralar.

«Tomosha» atly çagalar teatry-studiýasy tarapyndan taýýarlanan «Prezidentiň arçasy» atly baýramçylyk çäresi Özbegistanyň Milli telewideniýe we radio kompaniýasy tarapyndan tomaşaçylarsyz wideo düşüriler we «Bolajon» we

«Yoshlar» teleýaýlymlary tarapyndan gurnalan Täze ýyl marafonynyň çäginde görkeziler.

Häzirki wagtda ýetimler öýündäki çagalar, ene-atasyz galan çagalar, we durmuş taýdan goraga mätäç maşgalalardan 3-15 ýaş aralygyndaky çagalar üçin Täze ýyl mynasybetli Özbegistanyň Prezidentiniň 11000 sany sowgady taýýarlanýar.

Çeşmesi:Turkmenportal sahypasy, 24.12.2020,12:06

Täzelikler, Ýolagçy. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir