Käbir adamlaryň ýaş wagty ýanýoldaşy ýogalýa. Köpüsi täzeden durmuş gurýalar, käbirleri bolsa bütün ömrüni ýeke geçirýä. Ýöne şol täzeden durmuş gurýan adamlara köpler “nämä gerek” diýýäler esasan hem aýal maşgalalara. Ýaşy ýaňy bir 40 ýetip barýan bolsa ýanýoldaşy aýrylsa, 2 sany çagasy bar bolsa, oňa täzeden biri bilen goş birikdirip täze durmuşa gadam basmak gerekmi?! Dogry, dogry däl – diýip sudit etmek bize galmandyr ýöne pikiriňizi aýtsaňyz bolýa. Men täzeden durmuş guranlara “Tüweleme” diýjek. Gurmasa bolsa “mert eken” diýmegim ahmal. Adamsy ýogalandan soň yzyndan çagalary galsa onda ol çagalara erkek adamyň terbiýesi gerek. Onsoňam çagalar ulalyp herisi öýli-işikli bolup gider, onsoň ol garran wagty özi ýaly ýanynda garryja biri bolsa oňa gowy boljak ýaly. Adamsynyň aýaly ýogalsa-da şol ýagdaý öý bikesi gerek, çagalara seretmäge adam gerek. Ýöne şu ýagdaýa başgaça seretseň çagalaryň gözi bilen! Gowy däldir. Ýaman gowy dälmikä diýýän. Ejeň ýa-da kakaň ýerini başga biri tutsa. Ýöne eger ol kaka ýa-da eje gowy bolsa çagalaryň söýgüsüni gazansa belki normalniýdyr. Ýöne çaga öweý ene-atany doly kabul edip bilermikä?! Hat-da şol ene ýa-da ata dogry hereket etse-de çaga ony kabul etmän ämür hakyky ejesi ýa kakasy bilen deňäp ýörmegi ahmal. Öweý ene ýa-da ata! Olar çagalara edil öz hakyky çagasyna sereden ýaly seredip bilerlermikä?! Adamsy bilen aýalynyň arasynda-da “sen meň çagama gygyrýaň özüňkini bolsa gowy görýäň, sen meňkileri aýyrýaň…” diýen ýaly oňuşmazlyklar bolarmyka?! Bir anekdotam bolmaly öýde çagalar urşýalar weli aýaly adamsyndan soraýa: -Näme bolýa?! -Seňkiler bilen meňkiler üýşüp biziňkileri urýalar :) Umuman kelläňizdäki kerepleri açyşdyryp şu ýerik pylçaberiň!!

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir