Arada otyrkam birden kiçikam köp gören bir multfilmim yadyma düşdi. İndiki çagalaryn görüp görmanini biljekdal sebabi indi berilmeyan bolmagy ahmal. Yöne men denduşlar bilyandir. Yalnyşmayan bolsam 3 sany oglanjyk doganlar bardy. Gyşda, garda oyun oynayarlar daşarda. İçerde bolsa odun gyrasynda ejeleri hassa bolup yatyr. Çagalar bir girip bir çykyarlar. Eje suwsap, her oglanlaryn biri öye girende “suw, oglum suw getirip beray” diyip yalbaryar. Oglanlar bolsa oyunyn gyzgynyna gidip, diyenini edenoklar. Birnaçe gezek şeyle bolyar. Ahyry oglanlaryn biri yene öye girende eje yene “suw” diyip seslenyar. Oglan bolsa “getireris, şu wagt oyun oynayas azar berme” diyar. Eje oglunyn gözünin önünde guşa öwrülyar we öyden çykyp uçup gidyar. Çagalar bolsa elleri kaseli, “eje, ine suw getirdik. Gitme bizi taşlap” diyip yzyndan ylgayarlar, emma giç. Guş daşlaşyp gözden gayyp bolup gidyar. Şol multigi göremde bir gezek ejem “ine ejan diyenini etmeseniz, eje guşa öwrülip gidayer şeydip. Şon üçin ejenizin diyenini etmeli.” diyipdi. Men gaty kiçidim, gorkupdym. Her gezek şol multigi göremde birhili bolyadym, gorkuzyardy, gynandyryardy. Şol multigi gaty gowy döredipdirler. Çagalara gaty tasir edyar. Gorkuzyan yaly bolup biler kabir çagalary, şonda-da men men halayan. Şonun yaly gorky adamda bolmaly, çagaka dal, ulalanda-da bolmaly. Adam ulam bolsa edil şol çagalar yaly duygysyz bolup bilyar. Oyuna, işe ya dünyadaki başga zatlara , köplenjem manysyz, yönekey zatlara gaty gyzygyp, özüni yadyndan çykaryar. Şol 3 doganlar yaly. Ukydan oyaryanlygy üçin, wyjdany dürtüp ony diri tutmaga kömek edyanligi üçin peydaly göryan şeyle gorkyny özüm üçin. Öz subjektiw pikrim şeyle.

Köneler, diwana tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir