Men bu ideyany \"Приключения Незнайки и его Друзей\" N. Nosov (maslahat beryan bu kitaby okamaga) kitabyndan \"aldym\". Kitapda: Listik we Bukowka diyen chagalar yaman kitap okamagy soyyan ekeniler. Yone kopleri kitap okaman, yaltanyp hich bir ondumli, duzik ish etman yoreyan ekeniler. Onda Listik we Bukowka, gel ikimiz \"Knizhnyj Teatr\" achyas diyip bir gun dasharda oturgychlary goyup bir romany okap bashlapdyrlar. Kop chagalar gulak asman gidipdirler derrew, yone Listik we Bukowka umydyny yitirman ertiri yene tazeden onkudenem gyzykly poemany okapdyrlar. Onda, ynanmarsynyzlar kop chagalar hezil edip gulak asypdyrlar we shondan son chagalaryn ozleram kitap okap bashlapdyrlar. Her kim, kitaphanadan gyzykly kitaby alyp oz kochesindaki chagalary toplap olara gyzykly ertekileri, poemalary... okap bilyar. Gyzykly we kop zatlar bilen dunyade gyzyklanyan adamlar bilen dushushan bolsanyzlar, onda bilersiniz olaryn kopusi eyyam 2 yashda kitap \"okap\" bashlapdyrlar. Sheydip bizem chagalara kitap okatmaga owretmeli sebabi kitapdan olar kop taze we gyzykly zatlary owrenip bilyarler.
\"Kitap\" Kluby we chagalykdan kitap okamagyn gowy taraplary.
-
Harmandali
16 years ago
- “Edebi rekordlar”
- Dünýäde iň uzyn sözlem fransuz ýazyjysy Marsel Grustyň “Sodom we Gomorra” romanynda gabat gelýär. Ol sözlem 814 sözden ybarat bolup, kitabyň 25 sahypasyny tutýar.
- Iň uzyn powest 1957-nji ýylda 82 ýaşynda dünýäden öten Adeli Garrison atly ýazyjy aýala degişli. Powest Amerikanyň hepdelik gazetleriniň birinde goşmaça hökmünde 41 ýylyň dowamynda çap edilipdir
- Aleksandr Dýuma ömründe 250 roman hem-de 25 pýesa ýazypdyr.
- 91 ýaşap, dünýäden öten Urusu Blýum atly zenan iňlis ýazyjysy ömrüniň dowamynda 560 roman neşir etdirip, “Ginnesiň rekordlar” kitabyna giripdir. Şolaryň ilkinjisi “Gaplaň” roman-erteki 1900-njy ýylda, ýagny, awtory bary-ýogy 7 ýaşyndaka çap edilipdir.
- Jorj Simenonon öz ady bilen çap eden romanlarynyň sany 208-e ýetýär (bularyň hemmesi detektiw däl). Onuň 17 dürli tahallus (edebi lakam) bilen döreden romanlaryny sany 200-den gowurak. Bulardan başga-da ol 1500 töweregi powestlerdir hekaýalaryňam awtorydyr.
- Iň uzyn sözbaşy fransuz I.Waýslingeriň 1726-njy ýylda neşir edilen “Hötjet faktlar” atly kitabynda duşýar. Kitap jemi 618 sahypadan ybarat bolup, onuň 470 sahypasyny sözbaşy eýeleýär.
- Dünýäde iň kiçijik kitabyň boýy 16, ini 11 millimetrdir. Onda Galileýiň hatlarynyň biri ýerleşdirilipdir.
- Öz göwrümi boýunça dünýäde iň uly kitap Hytaý ensiklopediýasydyr. Ol elde ýazylan 11095 tomdan ybarat. Sahypa sany 834456-a deňdir. Ensiklopediýa düzülende, 200 alym gatnaşypdyr. Bu tomlaryň biziň döwrümize gelip ýeteni bary-ýogy 400 tomdur. Bu tomlar häzir Parižde saklanýar.
- Ýapon ýazyjysy Kiung Te Bakin uzynlygy boýunça iň uzyn roman ýazan ýazyjydyr. Roman 106 tomdan ybarat. Olaryň her biriniň sahypasy müňe barabardyr. Onda 32 million söz ulanylypdyr. Romanyňagramy bolsa 60 kilogram.
- Turkiýanyň halk muzeýinde XV asyra degişli dünýä boýunça iň uzyn hat saklanýar. Ol ýelek bilen ýazylyp, pars şasynyň Osman imperiýasynyň soltanyna iberen hatydyr. Hatyň uzynlygy 10 metr, ini bolsa 7 metrdir.
-
el_mariachi
16 years ago
- eger içinizde roman zat yazmak isleyan bar bolsa türkçe bolmalydyr! yaryşa başlajakmyş hooooooooooow
-
Maxat
16 years ago
- \"Edebi rekordlar” şu yazgyny okap otyrkam \"jahan yaňyny\" görüp otyrmykam öytdim, ynanmasanyz sizem okap görayin, yazylyş-aydylyş äheňi şon yalyrak
-
kakabay
16 years ago
- bu täze rekordlar kitabynyň daş sahypasy:
-
kakabay
16 years ago
- nullbu yerde bolsa turkmenistanyn rekordlary...
-
Harmandali
16 years ago
- “Dünýäniň aýlanýan kitaby”
“ABŞ-ly bir inžener tarapyndan kitap okamaga we okamak endigini wagyz etmek maksady bilen başlanan “ýol ugry kitaplar” usul öz netijesini görkezip başlady. “Ýolugry kitaplar” diýip atlandyrylan usula görä, okyjysy gözlenýän kitap köpçülik, jemgyýet üçin açyk ýerlerde goýulyp gidilýär. Okamak isleýän her bir adam taşlanyp gidilen kitaby alyp bilýär. Ýöne ol hem okap bolansoň, başga biriniň alyp okamagy üçin ýene-de kitaby köpçülige açyk ýerde goýmaly. Bu kitabyň tekjelerde tozan basyp, okyjysyny tapman ýatman, oňa derek elden-ele geçip okalmak üçindir. ABŞ-li inžener Ron Hornbaker 2001-nji ýylyň aprel aýynda işe girizilen usul arkaly adamlar okan kitabynyň ilkinji sahypasyna kitap hakyndaky pikirlerini ýazyp seýilgählerde, duralgalarda, plýažlarda, howa we demir ýol menzillerde……”
Yzy ýok. Gazet ýyrtylypdyr Gyrasyndakyja ýazgylary bar eken öza makalaň yzynda-da gyzykly zatlar bolmaly. Näçe okyjynyň bardygy barada, internet adreslary www.bookcrossing… muňam yzy ýok :(
Harmandali 16 years ago- Men kiçi wagtym (1-2 klas) köçäň çagalaryny howla üýşürip, ullakan doska tapyp, mekdepdenem mel getirip çagalara mugallymçylyk edýädim :) Şol wagtlar mugallym bolasym gelýädi. Olara harp, san, mekdepde öwrenen zadymy öwredýädim, öý işem berýädim, jaňam kakan bolýadym :) şol wagt okuwyň programmasy meň üçin gyzykly görünýändirdä. Elime-de taýak alýadym, alýumin simler bardy şolardan aýnasyz oçki ýasap ony dakan bolýadym :D Özümem strogiý mugallymsyran bolýadym. Ay woobşe men çaga wagtym gülkünç çagadymlaý öz başyma bir kelle :D Ýogsam şol wagt özüme ullakandyrn diýýädim. Indi bolsa 1-2 klas çagalary görüp özümiň şol wagt nähili kiçijik bolanymy bilýän.