Adaty ary sekuntda iki ýüz gezek ganatyny ýaýýar, kepderi bolsa diňe dokuz gezek ýaýyp ýetişýär.
   * * *
   Bir kilogram bal ýygnamak üçin bal arysy üç ýüz müň kilomertre golaý aralygy uçup geçmeli hem-de on dokuz million gülüň şiresini sormaly bolýar.
   * * * 
   Ýolbars özüniň täsin aýratynlygy bilen tapawutlanýar.Ähli wagşy haýwanlaryň arasynda onuň ýüregi kiçijikdir.
   * * * 
   Ähli jandarlaryň arasynda düýpden kerleri siňek, balykgulak we deňiz ýyldyzydyr. Olar eşitmekden bütinleý mahrumdyr.
   * * * 
   It iki milliona golaý ysy saýgaryp bilýär.
   * * *
   Atlar dik durka gowy uklaýarlar. Olar birnäçe aýy ýatmanam geçirip bilýärler.
   * * * 
   Günbatar Ýaponiýanyň Sinoýame tejribe stansiýasynda seleksionerler pomidoryň bir düýbünde 2934 sany gyzyl pomidory ösdürip ýetişdiripdir. Bu pomidor "agajynyň" beýikligi 3 metr ,baldagynyň ýogynlygy bolsa 15 santimetre ýetýär.
   * * *
Dünýäde iň ýeňil agaç balz agajy hasaplanýar.Ol Merkezi we Günorta Amerikanyň ýurtlarynda ,şeýle hem Seýlon,Angil adalarynda ösýär.Indeýler bu agajy gämi we gaýyk ýasamak üçin ulanýarlar.Neçjar Heýerdal bu agajy dünýä belli " Tur Heýerdal" gämisini gurmak üçin peýdalanypdyr.