Köýtendagda derman ösümlikleriň 130-dan gowrak görnüşlerine duş gelmek bolýar.
* **
Pekiniň (Hytaý) botaniki bagynda ösümlikleriň 3000-den gowrak görnüşi ösýär.Olaryň deň ýarysy tropiki hem subtropiki ösümliklerdir.
* * *
Britan kitaphanasynyň muzeýinde dünýä meşhur suratkeş Leonardo da Winçiniň ýazgy kitapçasy saklanylýar.
* * *
Ýaponiýaly Peişi Ýeşizowa her dürli kükürt gutularynyň 743 512 sanysyny ýygnapdyr.
* * *
Dünýäde ilkinji tramwaý 1880-nji ýylda Russiýanyň Sankt -Peterburg şäherinde peýda bolupdyr.
* * *
Ýewropada ilkinji polat iňňeler 15-nji asyrda Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde taýýarlanypdyr.
* * *
Kolumbiýanyň paýtagty Bogota köp ilatly şäherleriň arasynda iň belentde ýerleşýänidir.Ol deňiz derejesinden 2650 metr belentlikdedir.
* * *
Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgapçy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.
* * *
Baryp biziň eramyzdan öňki bir müň ýyllykda Amyderýada ullakan suwaryş desgalary salynypdyr.
* * *
Ylymda Hazar deňziniň 70-den gowrak ady bar.
* * *
Hytaýyň Nindbo şäherinde alty million adam ýaşaýar.Ol dünýäniň iň iri port şäheridir.
* * *
Antalýadan (Türkiýe) 30 kilometr uzaklykdaky Çan dagynyň gündogar eňňitlerinde Karain atly täsin gowak bar.Ol 100 müň ýaşynda.

Bilim, Waharman tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir