( Kazyýet tarapyndan iş kesilendigi sebäpli mugallymçylyk kärinde işlemäge bolan hukuk barada düşündiriş)

Türkmenistanyň "Türkmenistanda bilim hakyndaky"Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda,pedagogik kär bilen meşgullanýan adamyň hünärlik derejesiniň ýeterlik däldigi ýa-da saglyk ýagdaýynyň pedagogik we terbiýeçilik işlerini ýerine ýetirmegine päsgel berýändigi sebäpli,onuň öz eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýändigi aýdyň bolan mahalynda ,şeýle hem ol pedagogik işi alyp barmak bilen bir ýere sygyşmaýan azgynçylykly etmiş eden mahalynda,ol Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunlarynda bellenilen tertipde pedagogik işden boşadylýar.
Kazyýetiň hökümi ,medisina görkezmeleri boýunça pedagogik iş bilen meşgullanmak gadagan edilen adamlaryň bilim berýän edaralarda pedagogik işde işlemegine ýol berilmeýär.
Şeýle hem,"Türkmenistanda döwlet gullugyna döwlet ýolbaşçylaryny we wezipeli adamlary seçip-saýlap almak hakynda" Türkmrnistanyň kanunynyň 11-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda,raýatda kazyýet edilenlik aýby bolup,ol döwlet gullugyna giren wagtynda öz-özünden aýrylmasa ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmasa raýat döwlet gullugyna kabul edilip bilinmeýär.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir