( Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen günäsi geçilip,jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan adamlaryň kazyýet edilenlik aýbynyň aýrylýan pursaty barada düşündiriş).

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasyna ylaýyklykda , kazyýet edilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda öz- özünden aýrylýar: şertli kazyýet edilenler babatda synag möhletiniň dolmagy bilen ;azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresi bilen kazyýet edilen adamlar babatda bellenilen esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurmagy bilen;uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň iki ýylyň geçmegi bilen;agyr jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň dört ýylyň geçmegi bilen; aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň alty ýylyň geçmegi bilen.
Şeýle hem,Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2001-nji ýylyň 3-nji awgustyndaky "Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagynyň we aýrylyşynyň käbir meseleleri hakynda" kararynyň 3-nji böleginde haçan-da ,iş kesileniň aýbyny aýyrmaýan günä geçmek ýa-da rehim etmek namasy boýunça jeza çekmekden boşadylanda,onuň aýby Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasynda görkezilen möhletiň çäginde,degişlilikde ol möhleti günä geçişligiň ýa-da rehim edişligiň ulanylan gününden başlap hasaplamak bilen öz-özünden aýrylýandygy göz öňünde tutulan.
Mundan başga-da,Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 222-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda,işgärler özleriniň hukugynyň bozulandygyny bilen ýa-da bilmeli bolan wagtynda zähmet jedelleri baradaky topara,kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa gös-göni kazyýete ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir