Pil holtumy bilen iýmitlenýär.
* * *
Galiaf atly tomzak mör-möjekleriň arasynda iň agyry hasaplanýar.Ol ,esasan-da,Afrikada duş gelýär.Onuň agramy 100 gram töweregidir.
* * *
Çarlaklar aýaklary bilen diňleýärler.Injiginde ýerleşýän agymtyl tegmiljik olaryň gulaklarydyr.
* * *
Gök kitiň ýüregi bir minutda 9 sapar urýar.
* * *
Bekre balygy bir gezekde 5 milliona golaý işbil taşlaýar.Bu işbilleriň umumy agramy 25 kilogram töweregidir.
* * *
Kolibri diýilýän guş yzlaýyn uçup bilýän ýeke-täk guşdur.Amerikada ýaşaýan bu guş guşlaryň arasynda iň kiçisi hasaplanýar.
* * *
Akula 100 million damja umman suwunyň içinden bir damja gany duýup bilýär.
* * *
Ýarganat süýdemdirijileriň arasynda ýeke-täk uçýan haýwan hasaplanýar.
* * *
Gyzylguş diýilýän guş howada 20 sekuntlap bir duran ýerinde durup bilýär.
* * *
Ýolbarslar giňligi üç metrlik çukurdan aňsatlyk bilen bökmegiň hötdesinden gelýärler.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir