Alýaskada höwürtgeleýän Risanka atly guş Ýuwaş ummanynyň üstünden gonman 3200 kilometr aralygy geçip bilýär.
* * *
Afrika düýeguşunyň penjesiniň zarby at toýnagynyň güýjünden has elhençdir.Ýöne weli,düýeguş saňa hüjüm edeninde,taýagyň başyna telpegiňi gysdyr-da galdyraý , ol zut gaçmak bilen bolar.Sebäbi düýeguş diňe özünden boýy pes jandara hüjüm edýär.
* * *
Baltika deňziniň iň çuň ýeri 460 metrdir.
* * *
Iri ýyrtyjylardan ýolbarsyň ýüregi iň kiçijik ýürekdir.
* * *
Dünýäde iň süýji ösümlik Paragwaýyň topragynda ösýär.Onuň şiresi gantdan üç ýüz esse süýji.Bir bulgur kofeni ýa-da çaýy süýjetmek üçin şol ösümligiň ýekeje damjasy ýeterlik.
* * *
Erkin ýaşamaýan haýwanlaryň arasynda iň ulusy Çikago haýwanat bagynda saklanýan maýmyndyr."Sinbad" diýip atlandyrylýan bu maýmynyň agramy 420 kilograma,boýy 2 metr 18 santimetre ýetýär.
* * *
Bir gektar tokaý giňişligi tomusda her gün 40 tonna çenli suwy bugardýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir