Balyň her damjasyda ynsan bedeni üçin iňňän zerur-jana derman jisimleriň ýetmişden gowragy bar.
* * *
Medisinanyň atasy saýylýan Gippokrat:"Özümiň bir ýüz on bir ýaşamagymyň esasy sebäbi,tutuş ömrüme bal iýendigim üçin"-diýip,muny has aýdyň düşündirýär.
* * *
Ibn Sina keselleriň köpüsini bejermekde ary baly bilen mumy ulanypdyr.Ol:"Saglygyňy saklamak üçin ýazyna hem gyşyna üç aýlap bal içmeli"diýip,nesillere maslahat berip gidipdir.
* * *
Ary baly bilen ýara,garyn-içege derdi bagyr,öýken,deri,böwrek,nerw keselleri bejerilýär.Ol çagalar üçin has ýokumlydyr.
* * *
Ary mumy,esasan ,demgysma sökelligini dep etmekde ,kosmetikada hem-de hojalykda giňden peýdalanylýar.Ary ýelimi ,ýagny,propolis bolsa dürli ýarany,çişleri,aýagyň gabarçagyny,dem alyş agzalaryny bejermekde gowy ýardam berýär.
* * *
Balarçylykda türkmeniň ýandak baly hil taýdan tapawutlanyp,dünýäde iň naýbaşy ballaryň biri hasaplanýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir