Çagalyk Kabir zatlar bar, olar her gezek adama bir zatlary yatladyar, üytgeşik duygylary çagyryar, adamda bir zarynlyk, namedigi gaty saygarylmayan zatlara bolan küysegi artdyryar. Ol zatlar uly zatlar bolup bilşi yaly kiçijek, yönekeyje, adamlaryn köp ünsüni çekmeyan zatlaram bolup biler. Meselem mende sessiz bir öyde otyrkam daşarda yagyan yagşyn apişgani kakmagy, ya bolmasa uzagrakdaky uly yoldan geçyan maşynlaryn seslerinin yuwaşlyk bilen artyp son yene azalyp, yitip gidişi. İndi taze çykyan penjirelerde beyle problema yok yöne oba gidemde apişganin aynasynyn şemalyn tasiri bilen ony berkitmek üçin kakylan çüye urmagy sebapli çykyan “tyn,tyn,tyn” sesleri. İndi beton tokaylaryna öwrülen şaherlerde bulam yok, yöne oba gidemde sessiz günortan tamyn şiferinin aralaryna ya-da turbalaryn üstünde höwürtge yasan gumrylaryn “gu,gu,gu” seslerem meni üytgeşik duygulara alyp gidyar. Bularyn sebabi edil şol zatlaryn menin kiçilikde başymdan geçenligi bolsa gerek. Şeyle halatlarda yüregin gysyar, için daralyar, öz erkinde bolman kabir yatlamalar yadyna düşyar, çagalygyn, kiçiligin yadyna düşyar, tebigatyn üytgeşik pursatlary göz önüne gelyar. Name etjegini bilman, yarylasyn gelip emma yarylyp bilman, bir tarapdan birahat bolup, için gyjyklap, bir tarapdanam şol duygylardan lezzet alyp elektrony kem atom yaly kararsyz yagdayda gezyan. Şeyle zatlar beyleki adamlarynam başyna gelyarmi bilemok. Hemme adamynam menki yaly duygylary bolanson, hatda menden has duygur adamlar köpçülik edenson beyle duygylaryn naçe essesini başdan geçiryandirler adamlar. Belkem men gereginden artykmajrak duyguçyl adamlaryn hataryndadyryn ya-da henizem çagalykdan çykyp bilen daldirin bilemok yöne her name-de bolsa mende şu zatlar bar. kate şeyle duygylaryn tasiri bilen serhoş bolup gezyan. Esasanam çagalyk we oba mekdebi döwürlerim yadyma düşyar. Oba mekdebinde okan başlangyç yyllarymyz, ilkinji mugallymym, yatan yer yagty bolsun. Uzagrak garyndaşym bolanson ejemin “dayy” diyip yüzlenyan ol mugallymymdan gaty gorkardym, yöne bir tarapda-da edyanlerini dine gowulyk üçin edyani bildiryan mahri bardy. “ulalanynyzda, işli, uly adamlar bolanynyzda yolda yzda duşsak salam bermeginizem bizin üçin yeterlik, gaty begendirer” diyerdi. Hazir yaşap yören bolsady, her oba gidemde yanyna barardym we wepalylygymy görkezerdim. Mugallym bar, okuwçysynda ömürboyy yatdan çykmajak yigrenç döredyar, mugallym bar öwreden zatlary okuwçysynyn ömür boyy durmuş yolunda berjek kararlaryna positive tasir edyar we elmydama yagşylykda yatlanyar. Çagalyk, oba mekdebi, klasdaş oglanjyklar we gyzjagazlar. Mekdebin agaçlarynyn kölegesinde oynan oyunlarymyz, güyzde yere gaçan yapraklary üstümize zynyp oynayşymyz, bular yatdan çykmayar. Yada düşende ruhuna lezzet beryar, tazeden çagalyga dolanasyn gelyar. Son mekdebin ne gözel agaçlaryny kesdiler. Beytmek bilen bizinem yüregimizden bir bölek kesdiler. İndi ol günler yok. Ömürde bir gezek boldy, herhili üytgeşik bolup biljekka şol bolşy yaly boldy, gowy boldy. İndi dine yatlamalar galdy, şonun galanam bir gowy zat. Şol oba, şol adamlar, yatlama kinolarymyn aktyorlary, şol köçeler, şol sessiz günortanlar, şol öylançi yagyşlar, şol alemgoşarlar, şol sesler, şol gülüşler, şol üyşmekler, şol mekdep, şol klaslar indi dine süyji yatlama. Obamy dine çagalyk gözüm bilen yatlasym gelyar. Ol göz entek adamlaryn edyan köp zadyna düşünmeyar. Erbetlikler, göriplikler, öykeler, kineler, yigrençler, gabanjanlyklar, dawalar, agzalalyklar onun dünyasinde yok. Kawagt oturyp dine şol göz bilen göresim, yatlasym, pikir edesim gelyar. Şol kiçijek zatlar menin yürek stansiyamyn tolkunlarynyn in yiti frekanslaryndan tutyarlar. Şol kiçijek zatlar, her başdan geçiremde yüregimin in yiti taryna degyarler. Megerem çagalyk ol, çaga kelleliligem bu bolsa gerek…

Köneler, diwana tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir