Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Köplenç beýleki ynsanlarda säwlik ýa-da säwlikler göreris. Ýöne özümizde hiç säwlik görmeris ýa-da görmek islemeris. Kähalatlarda bolsa, wakalaryň daşky genuine aldanyp, ýalňyş kararlar çykaryp, netijeleri hem şoňa laýyklykda baglap bileris. Muňa örän oňat iki mysal bermek isleýärin. 1- Hz.Musa(a.s.) we Hz.Hyzyryň(a.s.) ýolagçylyklary: Gurhanda kyssa halynda geçýär şu waka. Daşyndan hem berilýän maglumatlar bn şeýleräk bolup geçýär: Hz.Musa Biribardan öz döwründe özünden has akylly bir bendesiniň bolup bolmanlygy soraýar. Biribar oňa elinde öli balyk bn bir ýere barmagyny bildirýär. Kömekçisi Hz.Ýuşa(a.s.) bn şol ýere baranlarynda, öli balyga jan girip, suwda ýüzüp gidýär. Şol ýerde-de Hyzyr(a.s.) bn duşuşýarlar. Hyzyr(a.s.) başda bu ýolagçylyga çydamajagyny bildirse-de, Hz.Musa daýanjagyny aýdýar. Ýolda 3 waka bolup geçýär, 3-sinde hem Hz.Hyzyr amal edýär we Hz.Musa oňa garşy çykýar. Şol sebäpli-de, ýolagçylyk gutarýar. Indi şol wakalaryň daş ýüzüne seredeli: 1- Deňizde syrah etjek bolanlarynda, özlerini tölegsiz gämä alan serkerdäniň gämisiniň kä ýerlerini belli wagt geçenden soňra Hz.Hyzyr palta bn çapýar; 2- Ýolda barýarkalar bir çagany görüp öldürýär; 3- Ýene ýolda bir oba baranlarynda, ýykyk bir harabany örüp beýgeldýärler. Hz.Musa şu 3 ýagdaýa seredip, daşky görnüşine görä höküm berýär. Hz.Hyzyra nägilelik bildirýär. Elbetde, ol pygamber we şeýle etmek bn hem wezipesi. Şeýle netijä gelýär: 1-Ýagşylyga yamanlyk-… Günä; 2-Sebäpsiz 1 çagany öldürmek - günä; 3-Biderek ýere amal we ýadamak. Hz.Hyzyr bolsa, iç alemleriň soltany. Oňa görä bolsa ýaňky wakalar şeýle: 1- Gämi gurat bolan bolsady, ýolda duşan garakçylar hökman gämini aljakdylar, käbir wajyp bolmadyk ýerlerini palta bn çapyp, almaz ýaly etdi; 2- Çaga geljekde ynançsyz bolup, imanly ene-atasyny hem azdyrjakdy, onuň deregine Biribardan has haýyrly bir öwladyň beriljegini görüpdi, şol çaganyň ýaşamazlygy has malady; 3- Harabanyň aşagynda iki ýetim çaganyň altynlary bardy ene-atalaryndan miras galan. Obadaky erbet niýetli ynsanlar görüp aljaklardy, rugsat bermezlik üçin täze diwar örüldi. Ynha, görşüňiz ýaly, daşky ýagdaý näme diýýär, iç ýüzi näme diýýär?! Şeýle ýagdaý sizde-de bolýarmy?! Hawa bolsa, myssal bn öz pikirleriňizi beýan edäýseňiz! Men aşakda-da mysal ýa-da mysallar bn dowam ederin, enşallah! Ýene wajyp bir zat: Gurhanda manysy boýunça şeýle aýat bar:\"Siziň halamaýan zadyňyz, mümkin, siziň üçin peýdalydyr. Şeýle hem siziň göwnüňizden tursa-da, şol zat siziň üçin zyýanly bolup biler. Her bir zadyň ýagşy ýa-da erbetdigini anyk we kesgitli görnüşde diňe Allah biler, siz bilmersiňiz!\"
Iç we daşş tapawudy
-
rebuilder
16 years ago
- mmm ata men bir rusca nakyl mydyr ya dana sozmidir sony aydyp galayyn> `celovek pologayet,bog raspologayet`
-
ata
16 years ago
- Hz. Ömer (r.a.) bir sahabany haýatdan ogrynça girip, 1 zatlar içip, 1 aýaly hem arkasyna alyp gidenini görýär we yzarlaýar. Bir öýe girip gidenini görýär. Soňam oň üstünden barýar we şeýle diýýär:
\"Günä etdiň:
1-Ogrynça biriniň bagyna girdiň;
2-Şerap içdiň;
3-Bir zenany betpäl niýet bn öýüňe getirdiň?!\" - diýýär, ondan gorkan sahaba bolsa, özüni hakly hökmünde goramaga başlaýar we şeýle diýýär:
\"1-Haýat ejeme degişlidi, ogurlyk däl;
2-Şerap diýýäniňiz adaty suwdy, arak däl;
3-Zenan diýýäniňiz bolsa, meniň öz ejem. Men ony hergün şol ýerden öýmüze alyp gelýärin we oňa ýoldaşym bn seredýäris. A siziň edýäniňiz näme?! Gurhanda \"...içalylyk etmäň!(...we lä tejessesü) diýilýän halda, siz meni günäkärlejek bolýäňyz?!\" diýipdir. Hz. Ömer (r.a.) şol bada öz säwligine düşünip, sahabadan hak halallygy alýar we ötünç sorap, olaryň mätäçlikleri bar bolsa giderip aýrylýar.
Ynha, ýokardaky sanlar bn görkezilen hem-de düýbinden tapawutly 2 ýagdaý.
Siziň bilýänleriňiz ýa başyňyzdan geçen(ler) barmy?!
Hawa bolsa paýlaşaýsaňyz!
-
ata
16 years ago
- Rebuilder, turkmence manysynam yazyp goybersene, men-a takyk dushunmedim.
Kystmat barada bolmaly oz-a!
-
rebuilder
16 years ago
- ata : hawa ata aga..kismete degya..has takygy bolsa: adamyn oz-ozice plan gurmagy..allanyn bolsa oz plany bar!!..ay dusundirip bildigimce dusundirdim:))
rebuilder 16 years ago- hmmm:)))