Ilkinji gezek Kerimi Kurany elime alamda men 26 ýaşymdadym. Şol kitaba duşmazymdan ozal, men ateist bolan bolmagymam ähtimal? Kuran meni diýseň geň galdyrdy. Meň ilkinji okan Kuranym, Albert Şumowski diýen adamyň rus diline terjime eden kitabydy. Özem ýöne bir terjime däl, goşgy görnüşinde terjime. Belkem Kurany ilki başda goşgy görnüşinde okamadyk bolsam, bu kitap bilen men hiç wagyt gyzyklanmasamam gyzyklanmazdym? Jadyly kitap, ol kitaby eline alan adamyň durmuşy hökman özgeräýmeli. Meň hem durmuşym özgerdi. Kurany okan her bir adama, oň Awtory gorag we päklenme söz berýär. Men ilki başda Kurany okamda ony ters okap başladym. Adaty adamlar islendik kitaby başyndan başlar, men bolsa ony soňyndan okap başladym. Oň hem öz boluşly sebäbi bar. Maňa Kurany okamaga KA atly bir adam öwretdi. Ol näme üçindir maňa Kuranyň iň soňky süresi barada gürrüň berdi:

—Kuranyň iň soňky süresini görýäňmi Muhammediň esgeri?

KA meň adymy Muhammediň esgeri diýip tutýardy, ol meň çyn adymy şeýle terjime edipdi. Men hawa diýip jogap berdim. Ol süräň ady "Adamlar"-dy, özem süre erbet adamlary Allahyň kömegi bilen tüýnikden kowýardy. Maňa şol süre diýseň ýarady, elbetde ol süräni KA mahabatlandyrmadyk bolsa, men ol sürä ünsem bermezdim.

—Şu süräni doly okap, oň yzyna göresiň gelmeýän adamyň adyny goýup okasaň, şol adam seň tüýnigiňden ätläp bilmez.

KA şeýle diýdi. Maňa oň sözleri ýarady, men özim gara söýmez, men öz durmuşymda artykmaç adamlary halamaok, men hiç kimi göresim gelenok. Men şol gün KA-ň sözlerine ynandym, entek ol süräni iş üstinde barlap görmesemem. Iň soňynda şol süräni barlap görmäge wagt geldi. Men ol süräni Albert Şumowskiň terjime eden görnüşinde okap, iň soňunda gerek adamyň adyny goşup okap göýberýärdim. Ilkinje gezek Kuranyň güýjini, men Maksat atly bir oglanda barlap gördüm, ol oglany meň durmuşymdan bir ýerlerik zym zyýat boldy, men ony şu wagtlaram göremok. Soň ýene bir adamda we ýene bir adamda. Men 4 sany adamy öz durmuşymdan ýiter ýaly etdim, özem bar eden zadym diňe şol 114-nji süräni okap. Ony okamagyňam öz düzgünleri bar. Gije gowja edip ýuwunýaň, ýa-da täret alýaň, kime haýsysy ýakyn bolsa? Soň arassaja geýim geýýäň we gije sagat 12-de öýüňe girýän gapa bakyp otyrýaň we şol süräni 114 gezek gaýtalaýaň. Özem her gezek gaýtalaňda, iň soňunda dynasyň gelýän adamyň adyny goşýaň. Süräň manysy rus dilinde, meň tüýnigimden gümüňizi çekiň, arwah, azdyryjy we päli ýaman adam diýip gutarýar. Sen bolsa şol üçisiniň yzyndan 4-nji adamyň adyny goşýaň. Okaýan wagtyň öz tüýnigiňe seredýäň, sebäbi sen öz gapyňy okaýaň. 4 sany maňa azar berýän adam meň durmuşymdan bütinleýin ýiteninden soň, men özümi bir tüýsli güýçli duýyp başladym, meň elime hamala güýçli ýarag düşen ýaly boldum. Ýöne şonda-da meň ýüregimde Kurana bolan şübhe bardy. 4 sany adamyň meň durmuşymdan ýitmegini, ýöne bir tötänlik bolmagy mümkim diýen pikir meni köseýärdi. Ýöne meni ol pikir kän kösemedi, men çykalgany tapdym. 5-nji birni okap görmeli, eger ol adam hem durmuşymdan ýitse, diýmek Kuranyň 114-nji süresi işleýär. Nähili samsyk hereket edenimi men giç düşündim, ýöne barybir düşündim.

Men gijelerine 5-nji adamy okap başladym, ol adam aýaldy. Bir bada ol aýal bir bahana bilen bir ýerlerik ýitrim boljak ýalam etdi, ýöne hiç ýerik gitmedi. Ol aýalyň maňa känbir ýamanlygy ýokdy, men ony diňe Kuranyň güýjini synamak üçin okaýardym. Şol wagtlar men şeýle samsykdym. Men ol aýaly gijelerine bir näçe gezek okadym we garaşdym. Doga okan güniň ertesi güni işläp başlanok, doga işlär ýaly bir iki hepde gerek eken. Soň ol aýaly ýene bir iki gezek okamaly diýip duran wagtym meň göwnüme bir zat geldi. Mende Aýzek Azimow diýen bir ýazyjyň kitaby bardy. Şol kitap maňa bir mahallar düşüpdi, ýöne men ony birje gezek hem okap görmändim. Men näme üçindir şol kitaby öler ýaly okasym gelip başlady, şol kitap baradaky pikirler meň kellämden çykmady. Men iň soňynda ol aýaly okamagy wagtlaýynça goýup, şol kitabyň daşyna geçdim. Bir hepdäň içinde men şol kitaby okap dyndym we diýseň geň galdym. Kitapdaky pikir gönümel meň özüme ýüzlenen ýalydy. Kitabyň manysyna görä wagt boýunça syýahat edip bilýän bir topar adamlar bar. Şol topar adamzadyň ykbalyny dolandyrýar. Olar gelejege we geçmişe syýahat edip bilýärler. Adamzady gelejekde her tüýsli nogsanlyklardan goraýarlar. Ana şol topar ellerinde nähili mümkinçilikler bolsada, bar güýçlerini biderek zatlara ulanyp ýörler. Owadan owadan gyzlary taryhdan ogurlaýarlar we özlerine aýal edinýärler. Şol kitapdan galan täsir meň özümi ýatlatdy. Men Kerimi Kurany adamlardan dynmak üçin peýdalanyp ýörün. Edil şol eserdäki toparyň, "wagt maşynyny" taryhdaky owadan gyzlary ogurlamak üçin peýdalanyşlary ýaly. Adamyň eline nähili güýçli zat berseňem, ol barybir ol zady öz ownuk maksatlary üçin peýdalanjak eken. Ine mende nähili pikir döredi. Aýzek Azimowyň şol eseri maňa bir tüýsli duýdyryş hökmünde geldi. Dogrymy aýtsam gürrüň berýän wakalarymdan ep-esli soň, öz durmuşymda kitaplaryň üsti bilen maňa gelen duýduryşlar kän boldy. Men indi öz duýgularyma ynanýan, eger hiç zat ýok ýerden bir kitaby okamaly diýen duýgy dörese, men şol kitaby hökman okaýan we şol kitabyň galdyran täsirine üns berýän. Ýöne şol wagt meni Aýzek Azimowyň kitaby saklap bilmedi, men şol 5-nji adamy okamagymy dowam etdim, emma meni başga bir zat saklady.

5-nji aýal iň soňunda meň durmuşymdan ýitrim boldy, ýöne meň bilen başga bir waka bolup geçdi. Men nobatdaky gije, şol aýal gider ýaly Kuranyň iň soňky süresini 114 gezek gaýtaladym. Ertesi gün bolsa öz oglymy çagalar bagyndal alyp gaýtmalydym. Men oglymy terbiýeçisinden alyp oýnamaga göýberdim we gyzjagazymy almaga gitdim. Gyzymy alyp gelinçäm başga bir çaga meň oglymy bir bölek daş bilen urupdyr we edil gözüniň üstini ýyrtypdyr. Daşyň degen ýeri, gözden laýyk 4 milli metr ýokarda diýdiler, oglumyň gaşyny diken lukmanlar. Şol ýagdaý meň gözümiň odyny aldy, men bar zady asmandan gelen duýdyryş diýip düşünsim. Hamala ol ýerden biri: —Edýän işiňi gözüň görmese ogluň gözüni çykararys, her bir millimetr biziň elimizde, biz hiç wagt ýalňyşamzok, —diýen ýaly?

Asman güýçleri bizi gorkuzmagyň iň gowy usullaryny bilýärler. Özümize bir zat estseler düşünmejegmizi bilýärlerde, biziň iň gymmatly zadymyza el urýarlar.

Aradan köp wagt geçdi, men Kuranyň güýjini synamaly däldigini bildim. Ýöne barybir şol 114-nji süräni bir näçe gezek peýdalanmaly boldum. Eger bir adamy çyn ýüregiň bilen öz durmuşyňdan aýyrasyň gelse, şol süräň güýji bilen peýdalansaň bolýar. Eger şol güýje mätäç bolsaň Allah senden soranok. Ýöne meň pikirimçe şu gün soranok, kyýamatda hökman sorar.
KA maňa dogalar bilen peýdalansaň bolýar diýdi, ýöne başga ýollaryň bary gapyşyp, bar zat doga diremeli diýdi. Mümkin KA-ň aýdýany dogrydyr, men kän oýlanmadym. Men şol dogany iň soňky gezek 33 ýaşymda iki gezek peýdalandym. Işleýän ýerimde iki sany oglany jynym alanokdy, şol iki oglanlar işden gider ýaly okadym. Emma bu gezek başgaça okadym. Bu gezek dogany köp gaýtalamak zerurlygy bolmady, men bary ýogy bir näçe gezek dogany gaýtaladym, özem gündiz. Ýöne bar tapawudy, mende günä galmaz ýaly, bu iki oglan işden özleri razy bolup gitsinler diýip dileg etdim. Men hem razy bolmaly, olar hem razy bolmaly, biziň ýollarymyz gaýdyp kesişmeli däl. Sebäbi Allahyň ýanynda bolmajak zat ýok. Netijede şeýlede boldy, oglanlaryň biri ýokary okuw jaýyna girdi, ikinjisi bolsa has gowy ýerik işe girdi. Göräýmäne bar zat adalatly gutaran bolsada Allah menden öz islegim üçin gowja sorady. Meň özüm tassana öz iş ýerimden gidýärdim. Iki aýlap işe barmaz ýaly boldym. Bar zadyň sebäbi mende şol doga ýüz tutar ýaly düýpli sebäpler ýokdy. Men bar zady öz şahsy ynjyklygym üçin etdim. Doga diýen zada ýüz tutma gowy däl, elbetde ol güýçleriň bary işleýär, kurandan alynan dogalar birinji nobatda. Ýöne şol güýçlere ýüz tutjak bolsaň, KA-ň aýdyşy ýaly paltaň daşa degmeli we başga ýollaryň bary ýapylmaly. 114-nji süre meň durmuşymy düýpli üýtýetdi, şol süräni okaýan döwürlerim men diňe bir okaýan adamlary öz durmuşymdan ýok etmedim. Eýsem bar dost ýarlarymdan dyndym, belki meň dostlarym şol sürede agzalýan Arwah, azgyn we päli ýaman adamlaryň sanyna girýändir? Men ony doly bilemok. Belki bar zat ýöne bir tötänlikdir? Belki şol süräni meň okaýşym ýaly başga bir adam okasa ol doga işlemez? KA maňa bir zat aýdypdy:

—Islendik goşgyny doga öwürseň bolýar, ýöne şol goşgy, ony okaýan adamyň kalby bilen owazdaş bolmalydyr?

Belki şol 114-nji süre meň kalbym bilen owazdaşdyr? Sebäbi men garasöýmez, sebäbi men adamlary halamok, hiç kimi göresim gelenok. Belki meň kalbym şol süräni müň esse güýçlendirýändir?

Soňy

01.08.2020

Rahman Zulfikarow
*Saýtda paýlaşmak üçin awtordan rugsat alynan!

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir