MEŞHURLARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER
Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip:
— Gardaş, şu aty jylawundan tutup dursaňyz, haýyş, men derrew poçtahana girip çykmaly.
— E-e, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn.
— Daşyňyzdan halal, ynsaply adama meňzeýärsiňiz. Bolýar, töwekgel, men size ynanýan.
***
Lessing ünsizligi bilen meşhurdy. Bir güni öýüne giç gelip gapyny kakýar, içeriden:
— Jenap professor öýde ýok— diýen jogap bolýar.
— Hä, bolýar, näme hem ederdim, başga wagt gelerin— diýip professor öýünden uzaklaşýar.
***
Günlerde bir gün Eýnşteýn hemralaryny tebigat gözelligi bilen tanyşdyryp ýörkä şeýle diýýär:
— Garşyňyzdaky ine şu dagda gadymky köşgüň harabalary bar. Dik jarlygyň etegindäki sokmak bilen barsaňyz, dag etegindäki jülgä çykýaňyz. Bu sokmak juda howply, ätiýaçly bolmak lazym. Birden jardan ýykylyp gidäýseňiz, sag tarapa bakmagy unutmaň! Göz öňüňizde örän gözel kartina peýda bolar.
***
Dagystanly meşhur şahyr Ebutalybyň kitabyny neşirýat çap etmegi geljekki ýyla galdyrýar. Şonda şahyr neşirýata:
— Täsin, terjimeçi Ependi Kapiýew meň bilen söhbetleşip, aýdan geplerimi ýazyp aldy we şo wagtyň özünde metbugatda ýaýratdy. Resul Gamzatowam edil şolar ýaly edipdi. Emma özümiň pikirimi özüm kitap edip çykarjak bolsam bir ýyl yza süýşürýärler. Hany mantyk?— diýýär.
***
Meşhur fransuz aktrisasy Madam de lýa Rok äri bilen aýrylyşmakçy bolýar.
Janköýerleri ondan:
— Nämüçin beýle karara geldiňiz?— diýip soraýarlar.
— Ärim maňa ite seredýän ýaly seredýär.
— Bu näme boldugy bolýar?
— Ol menden it ýaly wepadar bolmagy talap etdi.
***
Ýuriý Nikulin grimhanasynda oturan mahaly sirk işgälerinden biri girip, gygyrýar:
— Ýangyn! Ýuri Wladimirowiç, ýangyn!
Şonda Nikulin arkaýyn:
— Men ýangyny ýeňip bilmeýärin. Bu iş bilen başga artist meşgulanýar— diýip jogap berýär.
***
Fransuz ýazyjysy Andre Moruadan bir dosty:
— Hany aýtsana, taryhy kim köpräk üýtgetdi? Sezarmy ýa Napoleon?— diýip soraýar.
Morua:
— Siwilizasiýa döräli bäri taryhy iň köp üýtgeden şahslar taryhçylardyr— diýip jogap berýär.
***
Gadymky ýunanlar, danyşment, pelsepeçi Diogeniň pikirini juda gadyrlapdyrlar.
Adamlar bir güni ondan:
— Haýsy ýaşda öýlenmek makul?— diýip sorapdyrlar.
Pelsepeçi:
— Ýaşlara öýlenmäge heniz ir, garrylara bolsa giç— diýip jogap beripdir.
***
Meşhur aýdymçy rok-n-rolluñ "şasy" Elwis Presliniň örän köp janköýerleri bardy. Esasanda, gyzlar oňa yzly-yzyna hat ýazyp, günine goýmaýardylar. Bir gazediň habarçysy, aýdymçydan gyzlar oňa näme barada ýazýandygyny sorady.
Aýdymçy:
— Olar köplenç saçymdan bir tar göýbermegi haýyş edýärler— diýip jogap berýär.
Habarçy geň galýar.
— Olaryň, hemmesiniň haýyşyny berjaý etjek bolsaňyz kel bolup galarsyňyz-a.
— Maňa-hä jynam urmaz welin, emma itim ýakyn wagtda kel bolmagy ähtimal.
***
Fransuz fizigi Pol Lanjewen ylymyň hemme çylşyrymly meseleleri barada ählihalk düşüner ýaly dilde gepläp bilmegi bilen meşhurdy. Bir gezek ol Fransiýanyñ Ylymlar akademiýasynda ajaýyp nutuk sözleýär. Nutukdan soňra kärdeşleri ony gurşap alyp, bular ýaly sada, düşünikli gürläp bilmeginiň syryny soraýarlar.
Fizik:
— Hemmesi juda ýönekeý. Men gürläp duran wagtym diňleýjileriň arasyndan aňkawyrak bir ýüze bakyp, ta oň gepimi aňlanyna göz ýetirýänçäm gürläberýän-gürläberýän. Tamam wessalam.
Şo mahal Lanjeweniň ýanyna Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gelip:
— Sizi gutlaýaryn, kärdeş. Diňe bir zada düşünmedim, nämüçin gürläniňizde menden gözüňizi aýyrmadyňyz?.
***
Gýote Weýmar şäherindäki seýilgähde gezelenç edip ýören mahaly garşysyndan bir tankytçy çykýar. Olar biri-birini halamaýan ekenler. Garşy tarapdan gelýän tankytçy tekepbirlik bilen:
— Men akmaklara ýol bermeýän— diýýär.
Gýote ýylgyryp:
— Men bolsa hemişe akmaklara ýol berýän— diýip ýoluň çetine geçýär.
***
Amerikan kinoşereketleriniň biri meşhur iňlis syýasy işgäri Uinston Çerçill hakynda kino surata düşürmekçi bolýar. Filmde altmyş ýaşly işgäriň ömür ýoly görkezilmelidi. Çerçilliň rolyny oýnamak segsen ýaşly aktýor Çarlz Kloftona tabşyrylýar. Bu roly oýnany üçin aktýor uly mukdarda pul alýandygyny eşiden Çerçill gazaplanyp, şeýle diýýär:
— Birinjiden, rolumy oýnaýan bu adam çenden aşa semiz. Ikinjiden, örän garry. Üçünjiden, bular ýaly pula özümem özümi betinden edip oýnap berip bilýän!
***
Meşhur basnýaçy Iwan Andreýewiç Krylowdan bir gün okyjylary:
— Örän seýrek duş gelýän zehiniňiz bar welin, emma nämüçin az ýazýaňyz?— diýip sorapdyrlar.
Ýazyjy:
— «Nämüçin ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniňden, «Nämüçin az ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniň ýagşyrak-da— diýip jogap beripdir.
***
Günlerde bir gün gadymy ýunan pelsepeçisi Diogen keman atyjynyň gaýta-gaýta synansa hem nyşana urup bilmeýändigini görüp, nyşanyň ýanyna baryp durýar.
Tomaşaçylar geň galyp:
— Nämüçin beýdýäňiz? Birden…— diýip soraýarlar.
Pelsepeçi:
— Iň howpsuz ýer ine şu ýer eken— diýip jogap berýär.
***
XIX asyrda ýaşap geçen meşhur nemes suratkeşi Menseliň huzyryna bir ýaş suratkeş gelýär. Özüniň eserini görkezip:
— Maestro! Adalat barmy özi, bu dünýede? Ine men şu kartinani bir günde çekipdim, emma bir ýyldan bäri satyp bilmän ýörün— diýýär
Mensel:
— Gardaşym, eger siz bu eseriňizi bir ýylyň dowamynda işlän bolanyňyzda, ýekeje günde satan bolardyňyz— diýip jogap berýär.
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI