Zebralaryň duşmanlary bilen uruşýan halatlary-da bolaýýar.Olar duşmanlary bilen ýüzbe-ýüz galanlarynda olary depip gaçýarlar.Şeýlelikde,öz janlaryny goraýarlar.
* * *
Gulanlara diňe Türkmenistanda gabat gelmek bolýar.Olar Bathyz döwlet goraghanasynda goralýar.
* * *
Suwda ýaşaýan pyşdyllar palçygy gazyp içine girýärler hem-de ol ýerde tutuş gyşyny uklap geçirýärler.
* * *
Aýylaryň gazan hininiň agzy elmydama demirgazyk tarapa bakýar.
* * *
Krokodiller reňk saýgarmaýar.
* * *
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Litl-Rok şäherinde her ýyl pişikleriň ýaryşy geçirilýär.Bu ýaryşda 150 metr aralyga ylgamaly.Ýaryşyň ýeňjilerine bolsa iki müň dollar baýrak berilýär.
* * *
Durnalar hiç haçan agaja gonmaýarlar.
* * *
Agajyň iň näzijek ýapragyny iýmek isleýän žiraf dilini 42 santimetre uzadyp bilýär.
* * *
Delfin it,maýmyn,at we beýleki jandarlara garanyňda,örän aňsat elekileşdirilýär.
* * *
Daşdeşen çüňki bilen agajyň biline kakyp,mör-möjekleriň nirededigini kesgitleýär.Ol tä zyýanly mör-möjekleriň barsyny tutýança ynjalmaýar.
* * *
Ýylançy gyrgy diýilýän owdan guş höwürtgesini 20-25 ýyl we ondan-da köp ýaşan ojaryň üstünde ýasanýar.Ol şol höwürtgesinden birnäçe ýylyň dowamynda peýdalanýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir