Gaplaňlaryň dersindäki we ýaňaklaryndaky çyzyklar bilen gaşlary adamlaryň barmak yzlary ýalydyr.Olar gaplaňlaryň özlerine mahsus şekillerdir.
* * *
Suw ýylanlary Hazar deňzinde has köp ýaýrandyr.Olar esasan-da,maňňalça balyklary bilen iýmitlenýär.
* * *
Gurçugyň bedeninde dört müňe golaý myşsa ýerleşýär.Bu myşsalaryň köp bölegi hereket etmek üçin ulanylýar,galanlary bolsa iýmit siňdirmekde peýdalanylýar.
* * *
Täze doglan köşek bir hepdäniň dowamynda aýagynyň üstüne galýar.Şonuň üçin ol-10-15 günden soň örä göýberilýär.
* * *
Her ýylyň ýaz möwsüminde gurbaga mör-möjekleriň 10 müň töweregini awlap iýýär.
* * *
Bir wagtlar Afrika yklymynyň Madagaskar adasynda döw guşlar we goňşy Mauritius adasynda bolsa dodo atly guşlar ýaşapdyr.Olar ganatlarynyň kiçidigi sebäpli,uçup bilmändirler.Asamlar ada baranlaryndan soň bu guşlary etleri üçin awlapdyrlar we ýumurtgalaryny alyp başlapdyrlar.Şeýle ýagdaý yzgiderli gaýtalanyp duransoň,bu guşlaryň görnüşi 300 ýyl mundan öň gyrylyp gutarypdyr.
* * *
Ýylançy gyrgy diýilýän guş awa beýleki guşlardan 3-4 sagat giç çykyp,1,1,5 sagat ir dolanýar.Adatça,olar awdan boş gaýdyp gelmeýärler.
* * *
Kirpileriň bedeni köp zäherlere çydamlydyr.
* * *
Piller holtumlary bilen ullakan baglary düýbünden goparyp bilýärler.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir