Ýazyjynyň ömür ýoly. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda (obasynda) dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Çekip-çydardan kyn durmuş ýaş Berdinazary tiz taplaýar, ol agyr zähmetde bişişýär. Berdinazar 1946–1948-nji ýyllarda öňki Kerki welaýatynyň «Täze ýol» gazetinde, soňra Kerki etrabynyň «Pagtaçynyň sesi» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. 1946-njy ýylda bu gazetlerde onuň goşgulary peýda bolup ugraýar. Ýaş şahyryň goşgulary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.
Her ýazyjy-şahyr bir ýol bilen edebiýata gelýär. B. Hudaýnazarow merkezden alysda, obada – zähmetiň gaýnaýan ýerinde kyn şertlerde ýaşap, özüniň hakyky şahyrdygyny ykrar etdirýär. Ol 1956-njy ýylda Garagum derýasynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetinde gezme habarçy bolup işleýär. Eýýäm şol ýylda onuň «Ýaş kommunist» gazetinde «Gyzgyn sähra» poemasy çap edilýär. Hut şu poema hem edebiýatymyza uly bir zehiniň gelendiginiň buşlukçysy bolýar. Poema şygryýet muşdaklarynyň arasynda uly seslenme döredýär. B. Hudaýnazarow 1957-nji ýylda Moskwanyň M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyndaky Ýokary edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Moskwada Edebiýat institutynda ol Mihail Swetlow, Ýaroslaw Smelýakow ýaly meşhur rus şahyrlaryndan tälim alýar. Edebiýat institutynda okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär. B. Hudaýnazarow köp ýyllaryň dowamynda çeper döredijilik
işi bilen meşgullandy we okyjylaryň göwnünden turýan çeper eserleri döretdi. B. Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy wezipesinde işledi. B. Hudaýnazarowyň publisistikasy hakda-da, drama eserleri hakda-da, eserleri boýunça döredilen kinofilmler hakda-da giňişleýin gürrüň etmek mümkin. Ol rus şahyry Aleksandr Twardowskiniň, awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýleki şahyrlaryň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. B. Hudaýnazarowyň terjimesinde ol eserler terjime däl-de, ussat türkmen şahyrynyň hut özi tarapyndan ýazylan poeziýa eserleri ýaly ýaňlanýar. B. Hudaýnazarow tutuş ömrüniň dowamynda türkmen edebiýatyny ösdürmek aladalary bilen ýaşady, onuň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Türkmen edebiýatynyň aýry-‑aýry meseleleri, ýaşlaryň döredijiligi barada makalalar bilen metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş etdi. B. Hudaýnazarow 2001-nji ýylda aradan çykdy.

Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
Synaga salynsa ownaman bilýän,
Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Öz aslyny bilýän, pederin bilýän,
Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Umuman, özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Edebiýat, Watanwaspy tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir