Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär.

«Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde Sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyzy mälim etmek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz Nursultan Abişewiçe tüýs ýürekden tiz wagtda sagalmagyny, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.


Cheshmesi:http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article23126&cat19

Täzelikler, bank tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir