Eger siz programma üpjünçilik dünýäsine täze girişen bolsaňyz, siziň kelläňize geljek ilkinji sorag şu bolsa gerek: «Nireden başlamaly?».

Tehnologiýa taýdan pajarlap ösýän dünýämizde ýüzlerçe programma dillerine duşmak bolýar. Olaryň içinden özüňiziň maksadyňyza laýygyny we jemgyýetimiz tarapyndan talap edilýänini saýlamagyň iň gowy ýoly hem dünýä bazaryna ser salmakdyr.

Bu makalamyzda siz dünýäniň iň gowy we iň köp ulanylýan 10 programma dili we olaryň aýratynlyklary bilen tanyş bolarsyňyz.

JavaScriptPythonJavaC\C++PHPSwiftC# (C-sharp)RubyObjective-CSQL

Programma dilleriniň aýratynlyklary

1. JavaScript

JavaScript soňky 6 ýylyň dowamynda programmaçylar tarapyndan iň köp ulanylýan programma dilidir.

Ol interaktiw internet sahypalaryny döretmekde we olary has owadanlaşdyrmakda, gysgaça aýdanymyzda, internet sahypalaryny dizaýn etmekde peýdalanylýar.

Ony beýlekilerden tapawutlandyrýan häsiýetleriniň biri hem onuň meşhur internet brauzerleri bilen oňşukly we kemçiliksiz işlemegidir.

2. Python

Python özüniň kod düzüminiň sadalygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli hem täze öwrenjelere iň köp maslahat berilýän dilleriň biri bolup durýar.

Ol ylmy hasaplaýyş we mehaniki inženerleriň hasaplaýyş işlerinde ulanylýar.

3. Java

Java diliniň esasy aýratynlygy «bir gezek ýazyp, hemme ýerde ulanyp bilmekdir». 20 ýyldan bäri öz güýjüni saklap gelýän Java dilinde ýazylan programmalary islendik operasion sistemada (Windows, Ubuntu, …) ýa-da islendik enjamda ulanyp bolýar. Meselem, biziň aramyzda meşhur bolan Android operasion sistemasy hem Java dilinde ýazylandyr.

Abraýly kompaniýalaryň 90%-i öz işlerinde Java dilinden peýdalanýar.

4. C / C++

“Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýlişi ýaly, 1970-nji ýylda ulanyşa girizilen C dili programma dünýäsiniň ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Sebäbi C++, Java, C# we Objective-C ýaly meşhur programma dilleriniň özeni C dilinden gelip çykýar. Meşhur Linux operasion sistemasy hem C dilinde ýazylandyr.

C dilinde ýazylan programmalar özüniň tizligi bilen tapawutlanýar, sebäbi ol kompýuter sistemasyna iň ýakyn dilleriň biridir.

C++ barada aýdanymyzda, ol C diline azda-kände meňzeş bolup, oýun ýasamakda we kompýuter grafikasy bilen işleşmekde ulanylýar.

5. PHP

Şu wagtky internet sahypalarynyň 83%-i tarapyndan ulanylýan PHP dili saýtlary dinamiki hereketler bilen baýlaşdyrmakda peýdalanylýar.

PHP-niň soňky orunlara düşmeginiň sebäbi: ol internet sahypalaryny biraz haýalladýar we maglumat ýüklemek üçin gerek wagty köpeldýär.

6. Swift

Apple kompaniýasy tarapyndan döredilip, IOS we Mac OS ýaly operasion sistemalarda işleýän enjamlary programma bilen üpjün etmek üçin ulanylýar.

Ol Swift, Python we Ruby ýaly programma dillerinden täsirlenilip döredildi.

7. C# (C-Sharp)

2000-nji ýylda Java diline garşydaş hökmünde Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredildi. C# esasan-da Windows operasion sistemasy üçin programma düzmekde ulanylýar. Logika taýdan ol C++ diline çalymdaşdyr.

Bulardan başga-da, C# 2D we 3D görnüşli oýunlary ýasamakda hem peýdalanylýar.

8. Ruby

Ruby 1990-njy ýylda ýaponlar tarapyndan döredildi. Kod babatda iňlis diline çalym edýän Ruby arkaly az kod ýazyp, köp iş amala aşyryp bolýar. Emma özüniň çylşyrymlylygy sebäpli, ol beýleki programma dillerinden yza galýar.

9. Objective-C

IOS we Mac OS operasion sistemalary üçin 1980-nji ýylda döredildi. Adyndan belli bolşy ýaly, ol Cdiline örän ýakyndyr.

10. SQL

Sanawymyzyň soňky dili bolan SQL dürli binýatlardaky maglumatlar bilen işleşmekde ulanylýar.

Maglumat binýatlary üçin iň esasy dil bolany sebäpli, programmaçylaryň birentegi SQL dilini öwrenmegi maslahat berýär.

Chesmesi:ylymly internet sayty

Tehnologiýa, bank tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir