Türkmenistanda iş alyp barýan “Türkmen Tranzit” hojalyk jemgyýeti ýurtda ýakyn wagtda “Android” platformasynda işleýän bank terminalynyň hem-de kassa hyzmatlarynyň amallaryny bir wagtda ýerine ýetirip bilýän “PayMob-F” kysymly smart terminallaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Täze ornaşdyryljak terminallar dokuz döwletde, şol sanda Türkmenistanda 20-den gowrak taslamalary alyp barýan Korporatiw tehnologiýalar merkezi (KTM) tarapyndan öndürilýär we getirilýär.

KTM tarapyndan alnyp barylýan taslamalar banklaryň we kärhanalaryň ähli hasaplaşyk işlerini amala aşyrmakda ýardam berýän “M4Bank” söwda platformasy esasynda durmuşa geçirilýär.

“PayMob-F” kysymly smart terminal özünde oturdylan iki sany kameranyň kömegi bilen QR we ştrih kodlary skanirlemäge mümkinçilik döredip, adaty kassa enjamlarynyň ýerine hem ulanylyp bilinýär.

“Türkmen Tranzit” hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa pudaklaryny ösdürmekde öz goşandyny goşýar.
Chesmesi: "Biznes reklama" gazeti

Täzelikler, bank tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir