Bölekler:
Müň bir gije kitabynda halan şygyrlarym
:
Görüň bu gojany gezer illeri,
Sakgaly dyzyndan egri billeri.

Diýdim: «Neçüýn bukdyň dogry kamatyň?»
Diýdi: «Sebäbi bar bu melamatyň—

Ýaşlygym ýitirdim, rastym sözleýän,
Eglip şony gum-gusurdan gözleýän.
******
Bu oglanyň bolşy agyn atasy,
Daragt köke görä ýokdur hatasy.
*****
Dünýäni başyňa ýumrup ýatma sen,
Gam-hesret laýyna hergiz batma sen,

Arzuwlaň muşgildir, uzakdyr bada,
Emma tiz ýetersiň magsat-myrada.
*****
Ýuwaş bol, ýol berme gahar gazaba,
Başa düşse, döz gel herhil belaga.
******
Alňasama, äwme— äwmek şeýtandan,
Ile rehm kyl— rähmet ýagar her ýandan.

Zulm eýleme— berer towpugyň Jepbar,
Beter zulma uçarar her bir sütemkär.
*******

Lallik goragyňdyr, dymmak görküňdir,
Geplede, ýaňrama— elde erkiňdir.

Eger saklananňa ökünseň sähel,
Dil ýaranňy unutmarsyň hiç mahal.
*******
Hiç kesden gözleme gaýry wepany,
Dostlar dargar, pelek salsa jepany.

Butin ömrüň tenhalykda ötürgil,
Sözüm jandan syzar— akyl ýetirgil.
*******
Başyn tutar bolsaň bir möhüm işiň,
Maslahatyn algyn pähimdar kişiň.
*******
Garyp düşen baýa dünýä daralar,
Misli gün ýaşanda nury saralar.

Ýok ýerinde hergiz kylmazlar ýadyn,
Gelse, «Paýyň al» diýp tutmazlar adyn.
Bazarda müýnlüdir, galdyrmaz ýüzün,
Çöle çykyp sykar gan ýaşly gözün.

Walla, ynan, garyp kişi mat bolar,
Dogan-gardaş, il-gününe ýat bolar.
************
«Erte gel» diýseler dileg edeňde,
Kowduklary bolar, bilgil, gideňde.

#"Müň bir gije" (arap ertekileri)
Türkmenistan neşirýaty, Aşgabat—1978 ý.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir