ZÄHMETIÑ JOŞÝAN ÝERINDE ARKALAŞYKLY IŞ NETIJE BERÝÄR

Geçen ýyl kärhana boýunça 315-400 tonna barabar ýük daşalyp, bellenilen meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Kärhanada esasy önümçilik boýunça 47 million 400 müñ manatlyga barabar işler ýerine ýetirildi.
ㅡ Kärhanamyz ''Türkmengaz'' döwlet konserniniñ ''Türkmengazburawlaýyş'' müdürliginiñ işgärlerine hyzmat edýär. Häzirki günlerde sürüjilerimiz müdirligiñ Kerwen, Malaý, Galkynyş buraw nokatlaryna gerekli turbalary, enjamlary daşamak işlerini alyp barýarlar. Şol buraw guýularyna zähmet çekýän burawlaýjylary iş ýerlerinde gatnamaklygam biziñ sürüjilerimiziñ paýyna düşýär.
Kärhanamyz boýunça ýanwar aýynyñ iş tabşyryklarynyñ üstünlikli ýerine ýetirmegi biziñ ''Türkmenistan ㅡ Bitaraplygyñ mekany'' ýylynyñ iş meýilnamasyny berjaý etmeklige işjeñ girişendigimizi alamatlandyrýar ㅡ diýip müdürligiñ baş in£eneri Kerimberdi Omarow gürrüñ berýär.
Bu iri ulag kärhanasynyñ sürüjileri Türkmenistan ㅡ Owganystan ㅡ Pakistan ㅡ Hindistan halkara gaz geçirijisiniñ Türkmenistanyñ çägindäki böleginiñ gurluşygynda uly möçberli işleri ýerine ýetirýärler. Olar taslamanyñ gurluşygy üçin demir ýol arkaly getirilýän diametri 1422 millimetrlik turbalary düşürmek, soñra bolsa kebşirlenip seplenilen turbalary gaz geçirijiniñ gurluşygynyñ alnyp barylýan ýerlerine daşamak işlerini bökdençsiz alyp barýarlar.
Kärhanada ýük daşamak we beýleki görkezijiler boýunça aýlyk, ýyllyk iş meýilnamalarynyñ müdirligiñ Merkezi ussahanasynyñ işgärleriniñ hem mynasyp paýy bar. Edaranyñ awtotraktor tehnikalarynyñ bejermäge degişli enjamlary hut şu ussahanada abatlanylýar hem-de dikeldilýär. Ussahana köpugurly tokar stanoklary, kebşirleýji hem-de beýleki enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir.
Kebşirleýji hünärmen Rejepmyrat Saryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Merkezi ussahanada tokarlaryñ, kebşirleýjileriñ hem-de beýleki hünärli işçileriñ 60-dan gowragy zähmet çekýär. Olaryñ aglabasy köpýyllyk iş tejribesi bolan halypa işçilerdir.
Bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriñ her-biriniñ ýokary hilli bolmagy ussahananyñ işgärleri üçin baş ölçeg bolup durýar.
Ussahanada birkemsiz bejerilýän, abatlanylýan enjamlar kärhananyñ awtoulaglarynyñ, traktorlaryñ bökdençsiz, netijeli işledilmegine şert döredýär.
ㅡ Tejribeli tokarlarymyz Kakajan Ýazberdiýew, Garýagdy Ataýew, elektrik hem gaz kebşirleýji Gündogdy Agaýew, detallary berçinleýji Meret Agajanow, bejeriji Toýly Ataýew dagy öz işleriniñ hakyky ussatlary ussatlary hasaplanylýar. Bu halypa işçilerimiz ussahanamyza indi biregne 25-30 ýyldan bäri zähmet çekip gelýärler.
Ussahanamyzda halypa-şägirtlik ýoly dowam edýär. Halypa işçilerimiz özleriniñ baý iş tejribelerini zähmet toparymyza täze işe gelýän ýaşlara yzygiderli öwredýärler.
Bir söz bilen aýdylanda, işgärlerimiziñ egin-egne berip, agzybirlikli çekýän zähmeti kärhanamyzyñ edara-kärhanalara ulag hyzmatyny göwnejaý guramakdaky işiniñ öñe gitmegine biziñ goşandymyz bolýar ㅡ diýip, Ulaglar müdirliginiñ Merkezi ussahanasynyñ başlygy Rejepmyrat Saryýew gürrüñ berýär.


Sapardurdy Ýaýlyýew
''NEBIT-GAZ''
25.02.2020

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir