8-nji mart Halkara zenanlar güni hökmünde dünýäniň dürli ýurtlarynda giňden bellenilip geçilýär. Internetde iň köp peýdalanylýan saýtlaryň biri bolan “Google” hem birnäçe ýyldan bäri bu baýramçylyk mynasybetli ýörite “Doodle” taýýarlaýar. Gözleg saýty belli günlerde şol gün mynasybetli öz nyşanyny üýtgedýär. Şol nyşana “Doodle” diýilýär. Saýt käwagtlar her ýurt üçin aýratynlykda hem “Doodle” taýýarlaýar. Bu ýylky “Doodle”-y Juli Wilkinson we Joýanne Horşrof taýýarlapdyr. Şeýle hem kompaniýa ýylyň dowamynda gözlenen sözleriň arasynda “Dünýäde ilkinji zenan...” sözi bilen başlanýanlaryň sanawyny mälim etdi. Bu sözler – Prezident, Nobel baýragynyň eýesi, basketbolçy we ses berlişik bolupdyr. Saýtda ýylyň dowamynda iň köp gözlenen zenan şahsyýetleriň sanawyny hem berildi – Iň gowy atletikaçy; Serena Williams, Iň gowy aýdymçy; Teýlor Swift, Iň gowy ýazyjy; Toni Morrison, Iň gowy wäşi; Akwafina.

CHESMESI:Turkmenportal.com

Täzelikler, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir