Agyr agramda WBA (Super), IBF, WBO, IBO ugurlary boýunça çempionlyk guşaklarynyň eýesi angliýaly Entoni Joşua nobatdaky tutluşygyny belarusly Kubrat Pulew bilen geçirer. “Skysports”-yň habar bermegine görä, bu tutluşyk şu ýylyň 20-nji iýunynda Londondaky “Tottenham Hotspur” stadionynda geçiriler.

30 ýaşly Joşua geçiren 24 duşuşygynyň diňe 1-inde ýeňlişe sezewar boldy. Ol gazanan 23 ýeňşiniň 21-sini hem nokaut bilen almagy başardy.

38 ýaşly Pulew bolsa, 29 duşuşyk geçirip, şolaryň 28-sinde (24-si nokaut bilen) ýeňiş gazandy. Pulew 1 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir